Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygyna

23 Noýabr 2022
623

PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIGIŇ BAŞ ÝÖRELGESI

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk şanly toýy «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzdan badalga alan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy pursatlarynyň üstüni ýetirýär. Bu şanly senäni giňden dabaralandyrmak häzirki günlerde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda halal hem tutanýerli zähmet çekýän bagtyýar adamlaryň baş maksadyna öwrülýär. Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ýeten sepgitleri we ýagty geljek üçin oňyn hem işjeň gatnaşyklaryň häzirki wagtda berk binýadyny goýmak babatdaky işler, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň geçen ýyllaryň dowamynda toplanan tejribesini dünýä ýaýratmakda alyp barýan giň gerimli tutumlary barada özara pikir alyşmak, joşgunly kalplaryň hyjuwyny paýlaşmak toýly günleriň iň bir asylly dessurlarynyň birine öwrülýär. Şu nukdaýnazardan, golaýda «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy welaýatyň syýasy-jemgyýetçilik guramalary, welaýat kitaphanasy bilen bilelikde «Parahatçylyk söýüjiligiň baş ýörelgesi» atly şygar astynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy Täçmyrat Rejepow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň baş hünärmeni Nurýagdy Galpakow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň hünärmeni Oguljan Atajykowa, welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Leýla Rejepowa dagy gatnaşdylar.