Halkara gatnaşyklaryň täze derejesi

5 Oktýabr 2022
1536

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli hem-de döredijilikli daşary syýasaty barha rowaçlanýar. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda «Bitarap Türkmenistanyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilip, sebit we halkara derejede hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça köptaraplaýyn görnüşde alnyp barylýan işler netijeli häsiýete eýe bolýar. Şonuň esasynda dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryň gerimi has-da giňelip, ýurdumyzyň halkara bileleşikdäki orny yzygiderli pugtalanýar.

«Ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň ýokary halkara abraýyny has-da berkideris. Sebäbi Watanymyzyň mertebesi halkymyzyň mertebesidir!» diýip, döwlet Baştutanymyz nygtaýar. Hawa, bu gün ýurdumyz günsaýyn belende göterilýän halkara abraýy bilen dünýä bileleşiginde aýratyn orun eýeleýär. Öňdengörüjilikli, oýlanyşykly hem-de uzak geljegi nazarlaýan daşary syýasat halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kemala getirýär, dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze-täze mümkinçilikleri hem-de çemeleşmeleri ýüze çykarýar. Bu bolsa dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar. Şu ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanmagyny ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilýändiginiň aýdyň subutnamasy hökmünde buýsanç bilen agzamak bolar.

Döwletmämmet GARAKLYÝEW,
«Balkan».