Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda 7-nji gezek wise-başlyklyk edýär

15 Sentýabr 2022
1695

13-nji sentýabrda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasy öz işine başlady. Dünýäniň syýasy durmuşyndaky bu iri waka Türkmenistanyň Milletler Bileleşigine agza bolmagynyň şanly 30 ýyllygyna gabat gelýändigi, ýurdumyzyň Baş Assambleýanyň nobatdaky sessiýasynda indi 7-nji gezek wise-başlyklyk edýändigi bilen biziň üçin aýratyn mana eýedir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan şu ýylyň iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň

77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanypdy. Munuň özi, ozaly bilen, dünýäniň geosyýasy giňişliginde Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da belende götermek ugrunda irginsiz tagalla eden Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bitiren hyzmatlaryna, öňe süren halkara başlangyçlaryna çäksiz hormat-sarpanyň nyşanydyr. Şeýle hem munuň özi ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda sözlän sözünde ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarda ozalky syýasy garaýyşlarynda galýandygyny tassyklan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň saýlap alan ugruna bildirilen uly ynamyň aýdyň beýanydyr. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlary bolsa şol daşary syýasy ugruň yzygiderli ösdürilýändigini tassyklaýar.