"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Säherlerde kylyp haýry-dogany

Il içinde «Dünýäniň çarhy ýagşylyk edýän adamlaryň gerdeninde aýlanýar» diýilýär. Halk nakyllarymyzda bolsa, «Ýagşylyk töre elter», «Ýagşylardan halka ýagşy at galar», «Ýagşylyk isleseň ýagşylyk et» diýlip aýdylýar. Ýagşylyk we ýagşy işler adamy mertebeleýän häsiýetdir. Şonuň üçin ýagşylyk ýaly gowy niýet kalbyň töründen gaýtmaly, eden gowy işiň ýürekden bolmaly. Şonda ynsanperwer häsiýetleriň biri bolan ýagşylyk durmuşyňy, ykbalyňy çuň mana öwürýär. Säher turup, gowy dilegler etmeli, ýagşylyga, haýra göwün bermeli, şerden daş durup, tutuş günüň dowamynda özüňe we maşgalaňa, il-günüňe we Watanyňa bähbitli işler bilen meşgul bolmaly. Her bir günüň şeýle gowy maksatlardan ugur almaly. Magtymguly Pyragy: «Haýry goýup, şer işlere ulaşmaň» diýip sargyt edipdir hem-de nädogry hereketiň netijesiniň zyýandan başga hiç zat däldigini şahyrana setirlerine siňdiripdir:

«Ýaňlan, Diýarym! — 2021»

Sarahs etrap Medeniýet öýünde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň höwesjeň aýdymçylarynyň arasynda yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym! — 2021» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Oňa etrabyň dürli ýerlerinden aýdymçy ýaşlaryň 17-si gatnaşdy. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, aýdymçylaryň her biri öz başarnyklaryna görä iki aýdymy ýerine ýetirdiler. Olaryň biri türkmen halk aýdymyndan, beýlekisi täze taryhy döwrümizde amala aşyrylýan beýik işleriň waspy ýetirilýän aýdymdan ybarat boldy.

«Şähribossan» — senasynda aýdym — dessan...

(Çeper publisistika) Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe aýymyz aýlardan nurana, ýylymyz ýyllardan ýalkymly gelýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip, hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp atlandyrylan üstümizdäki ýylda aýgytly ädimler, ynamly gadamlar bilen gelýän günleriň her biri, onuň her bir pursady tükenmez tarypa, kalbyňy keşdeläp çykýan owazly aýdymlara mynasyp.

Bagşyçylyk sungatynyň aýnasy

Bäş müň ýyllyk taryhy bolan halkymyz aýdym-saz sungatyna uly üns berip, arkama-arka dowam edip gelýän bagşyçylyk sungatymyzy has-da ösdürýär. Welaýatymyzda hem özleriniň gaýtalanmajak ussatlyklary, başarnyklary, ýakymly owazy bilen halkyň sylag-hormatyna mynasyp bagşy-sazandalar ýaşapdyrlar. Geçmişde özboluşly yz galdyran bagşy-sazandalar baradaky maglumatlary, olaryň saz gurallaryny we geýimlerini, ses ýazgylaryny, suratlaryny ýygnap, halka ýetirmek maksady bilen, 1992-nji ýylda welaýatymyzyň merkezinde işe başlan bagşylar muzeýiniň agzybir işgärleri welaýatymyzyň etraplarynda bolup, bagşy-sazandalar barada maglumatlary we muzeý gymmatlyklaryny ýygnaýarlar. Häzirki günde bagşylar muzeýimizde aýdym, dessan aýtmakda tapawutlanan halypa bagşylar barada gyzykly maglumatlar saklanýar. Bagşylar muzeýimizde ata-baba dowam edip gelýän halypa-şägirtlik ýoluna aýratyn ähmiýet berlip, ýaş bagşy-sazandalar barada-da maglumatlar toplanýar. Welaýatymyzdaky bagşy-sazandalaryň hormatly ada eýe bolanlarynyň sany barha köpelýär. Olardan Türkmenistanyň halk artisti Almagül Nazarowa, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Guwanç Otuzow, Sabyr Sabyrow, Nowruz Mätnyýazow, Dursunjemal Gazakowa, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Bahargül Galpakowa we beýlekileriň atlaryny tutasymyz gelýär. Mundan başga-da, muzeýde medeni çäreleri hem gurap durýarys. Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesi bilen bil

Paýtagtymyz boýunça gyzykly gezelenç

Şu günler ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän şatlyk-şowhunly çäreler tutuş paýtagtymyzy gurşap alýar. Ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Aşgabat şäher häkimliginiň guramagynda geçirilen medeniýet we syýahatçylyk ulgamynyň hem-de döredijilik işgärleriniň paýtagtymyzyň gözel ýerlerine awtobusly gezelenji hem örän täsirli boldy. «Arkadagly ak şäherim Aşgabat» atly bu çäre paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Aşgabat monumentiniň öňündäki meýdançada guralan dabara bilen başlandy. Bu ýerde Türkmenistanyň Gahrymany şahyr Gözel Şagulyýewanyň we beýleki şahyrlaryň okan goşgulary, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Tirkeş Mätnazarowyň, Gülşirin Annamyradowanyň aýdymçy Jumamuhammet Akgaýewiň ýerine ýetiren aýdymlary dabaranyň şowhunyny has belende göterdi.

Bir ömürde bina bolan şäher

Aşgabatda ýaşy togsany eteklän bir tanşymyz ýaşaýar. Adyna Annaberdi aga diýýärler. Öňräk Aşgabada görme-görşe bardyk. Olaryň öýi şäheriň günorta tarapyndaky täze gurlan beýik jaýlardady. Özem iň ýokarky gatlaryň birinde. Tüýs bulutlaryň deňesinden şäheri synlap oturmaly diýen ýerde. Biziň bilen obadan baran adamlaryň arasynda Annaberdi aga bilen hatardaş bir ýaşuly hem bardy. Ol on ikinji gatdan şäheri synlap durşuna özüniň haýran galmasyny daşyna çykardy. — Şähere gelmänimize ep-esli wagt bolupdyr. Men-ä öň bäş ýyl ýaşap giden hem bolsam, indi azaşjak. Biziň göz öňümizdäki bir wagtky Aşgabatdan hiç zat galmandyr. Ýogsamam, bu oturan ýerimiz Aşgabadyň niresi bolýar?!

«Ak bulutlar gonsun, göçsün»

Käbelerimize deňelýän ene toprak, kyblalarymyza kybapdaş ata Watan — olar halkymyzda mukaddeslik saýylýar. Mukaddesligiň bar ýerinde bolsa durmuşyň lezzetem, hözirem başgaça bolýar. Hiç bir halkyňka meňzemeýän ýerasty we ýerüsti tebigy täsinlikleri bilen göreni haýran edýän türkmen topragy Biribaryň halkymyza jenneti ýurdy peşgeş berendiginiň aýanydyr. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen syýahat eden jahankeşdeler türkmen halkynyň baý, gözel tebigatynyň bardygyny, myhmansöýerdigini, pähim-parasatlydygyny, sabyrlydygyny, mertdigini ýazgylarynda beýan edipdirler. Şeýle gözellikler asuda asmanyň astynda ýaşaýan adamlaryň göwünlerinden gözbaş alyp, halkymyzyň köp asyrlyk pähim-paýhasyny häzirki zaman dünýägaraýşy bilen özünde jemleýär, sazlaşykly utgaşyp, bedew bady bilen alyslara uzaýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmeniň sarsmaz döwletiniň binýadyny öňküden-de berkideris, ykdysady kuwwatyny artdyrarys» diýýän sözleri türkmen halkynyň ygtybarly geljegini üpjün etmek üçin ähli şertleriň döredilendigini subut edýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýurt başyna geçen gününden halkymyzyň bagtyýar durmuşyny baş alada öwürmegi döwletimiziň sähel salymda belent sepgitlere ýetmegine getirdi.

Goşgular çemeni

Serhetleriň abat bolsun, Watanym! Bir elimde sallançygyň bagy bar,Bir elimde dokma darak, keserim.Gursagymda ýurda söýgi köreýär,Hemem goragyna eden kasamym,Serhetleriň abat bolsun, Watanym!

Aşgabadyň gündizleri owadan, Aşgabadyň agşamlary owadan!

(Şahyrana oýlanma) Ine, elimizde eziz Arkadagymyzyň Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlap ýazan täze bir ajaýyp eseri. Ol «Ak şäherim Aşgabat» diýip atlandyrylýar. «Ak zat alnyňa ýagşy» diýip, bu gymmatly kitaby maňlaýyňa sylanyňdan soň, Aşgabadyň şanyna ýazylan sözler dünýäsine seýran edip başlaýarsyň. Her bir sözden, sözlemden, pikirden lezzet alýarsyň. Şeýle hem guwanmak bilen, «Buýsançdan asmana ýeter başlary, Arkadagyň kitabyny okanlaň» diýeniňi duýman galýarsyň. Kitabyň girişinde bolsa Magtymguly atamyzyň: «Eşit, adam, dogan ilden Gaýry mähriban ýurt bolmaz» diýen setirleriniň getirilmeginde Watan ýaly gymmatlygyň arzylanmagyny, ezizlenmegini, söýgi bilen ýüreklere guýulmagyny görýärsiň. «Aşgabatda ak arzuwlar amala aşýar» atly ikinji bölümi okap bolsa, «ak arzuwlar», «ak şäher» ýaly söz düzümleriniň üsti bilen aklyklaryň dünýäsine aralaşýarsyň, ak zatlaryň manysyny tirýärsiň. Bu bolsa dünýäňi iň ýakymly duýgulara eýe edýär.

Köňül edebi

Ata arzuwy, ene mähri bilen maşgalada perzent dünýä inýär. Ol ene-atanyň göz guwanjyna öwrülýär. «Iki aýakly iki günde» diýleni. Ene-ata halal duz iýdirip perzendini kemala getirýär. Asylly ýörelge bilen mynasyp terbiýe berýär. Gyz ene öwüdine, ogul ata göreldesine eýerýär. Bir-biregi goldamak, gadyryny bilmek ömrüň manysydyr. Pikiriň bilen pikirdeş, göwnüň bilen göwündeş dost adama hemişe gerek. Dosty uzakdan gözlejek bolmaly däl. Ýakynlaryňy dost tutunmagy, töweregiňdäkileri dogan saýmagy başarmaly. Şonda hemişe öz ýeke däldigiňi duýarsyň.

Bagt

(Tymsal) Bir gezek üç dogan tokaýyň içi bilen gidip barýar eken. Birden olaryň gözi bir garyma düşüpdir. Seredip görseler, onuň içinde Bagt oturan eken. Doganlaryň biri ol garyma ýakynlaşypdyr-da, başyny egip, bagta şeýle diýipdir:

Ýaş multfilmçi (Şeýle zehin bar)

Ol eýýäm ýurdumyzyň iň ýaş animasiýa suratkeşi bolmaga ýetişdi. «Nesiliň» okyjylarynyň arasynda suraty gowy çekip bilýän ýaşlar, şol sanda mekdep okuwçylary diýseň kändir. Ynha, Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Şamyrat Şamyradow hem şolaryň biri. Şäherdäki 60-njy çagalar bagyna gatnaýarka-da, çeperçilik sungatyna bolan aýratyn ukyby bilen tapawutlanan Şamyrat çagalyk arzuwlaryna heniz mekdep okuwçysyka ýetip bilenleriň biri. Onuň höwesjeň animator hökmünde agasy Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat müdirliginiň suratkeşi Hanmyrat Şamyradowyň ýardam bermeginde taýýarlan ilkinji multfilmi «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynda körpe tomaşaçylara ýetirildi. Iki minut çemesi dowam edýän we Halkara zenanlar güni mynasybetli ilkinji gezek ýaýlyma çykan multfilm bir çagajygyň ejesine bagyşlap aýdan aýdymyndan ybarat. Bu täsirli şekilleriň döreýşi barada Şamyradyň özi bilen söhbetdeş bolduk.

Ruhubelentlige beslendi

Golaýda paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň biri bolan «Aşgabat» monumentinde Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli «Arkadagyň bagt şäheri Aşgabat!» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Şeýle joşgunly medeni çäreleriň we baýramçylyk dabaralarynyň şu günler tutuş ýurdumyz we merjen şäherimiz boýunça giň gerime eýe bolýandygyny aýratyn bellemek gerek. Baýramçylyk çäresi Aşgabat şäher häkimliginiň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde guramagynda geçirildi. Dabarada çykyş edenler Aşgabadyň esaslandyrylmagyndan bäri 140 ýylyň içinde şäheriň geçmişi, onuň Garaşsyzlyk ýyllarynda eýe bolan kämil keşbi, sazlaşykly ösüşleri dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde bu gün ak şäherimiziň dünýäniň ösen we ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýändigi, Aşgabadyň özüniň hem-de ençeme desgalarynyň binagärlik aýratynlygy boýunça Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendigi hem buýsanç bilen bellenildi. Dabaranyň dowamy aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren kompozisiýalary, aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary, bagşy-sazandalaryň joşgunly aýdymlary bu ýere ýygnananlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda halkymyza eşretli zamanany

Meşhur bagşynyň hormaty

Änew şäherindäki N.Saryýew adyndaky Çagalar sungat mekdebinde «Halkynyň hakydasyndaky şahsyýet» ady bilen edebi agşam geçirildi. Türkmenistanyň halk bagşysy Oraz Salyryň doglan gününiň 145 ýyllygyna bagyşlanan çäräni agzalan Çagalar sungat mekdebi hem-de Ahal welaýat kitaphanasy bilelikde gurady. Oňa kitaphana işgärleri we ýaş sungaty söýüjiler gatnaşdy. Edebi agşamdaky welaýat kitaphanasynyň ülkäni öwreniş we düşündiriş sorag-jogap bölüminiň müdiri G.Hallyýewanyň, şol bölümiň birinji derejeli kitaphanaçysy O.Alowowanyň çykyşlary täsirli boldy. Olar çykyşlarynyň başynda ýurdumyzda milli aýdym-saz sungatyna berilýän üns, milli sungatymyzyň ösmeginde yz goýan şahsyýetlere goýulýan sarpa dogrusynda söz açyp, milli saz sungatynyň ussady Oraz Salyryň ömri we döredijiligi barada gürrüň berdiler, onuň döreden aýdym-sazlarynyň milli saz sungatymyzy ösdürmekdäki ähmiýeti hakynda durup geçdiler. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli aýdym-saz sungatymyzda yz galdyran şahsyýetlere uly sarpa goýulýar, olaryň döredijiligi öwrenilýär, döreden aýdym-sazlary bu günki nesiller tarapyndan uly söýgi bilen diňlenilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa» atly ajaýyp kitaplary bolsa, milli sungatymyzyň ösmegine goşant goşan şahsyýetlere goýulýan belent sarpadyr. Meşhur bagşy Oraz Salyryň sa

Zehinli ýaşlar kemala gelýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ähli ugurlar bilen bir hatarda, aýdym-saz sungatynda hem uly ösüşler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyz ylmy we bilimi, medeniýeti we sungaty ösdürmäge uly üns berýär. Ýurdumyzda aýdym-saz sungaty boýunça bäsleşikler, okuw maslahatlary yzygiderli geçirilýär. Tejribe toplamakda, hünäriňe kämilleşmekde şeýle çäreleriň ähmiýeti uludyr.

Ajaýyp mukam

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda geçirilýän Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli dabaralar uly şatlyk-şowhuna beslenýär. Şu ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli «Arkadagly ak şäherim — Aşgabat» atly paýtagtymyzyň gözel künjeklerine awtobusly döredijilik syýahatçylygy guraldy. Döredijilikli syýahatçylyga sungat işgärleri, halypa bagşy-sazandalar, şahyrlar, döredijilik bilen gyzyklanýan talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Syýahatyň dowamynda «Aşgabat» monumentine, «Aşgabat» myhmanhanasyna, «Aşgabat» stadionyna, «Aşgabat» söwda merkezine, «Mahabat» binasyna, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkezine, Garaşsyzlyk, Bitaraplyk binalaryna, «Arkadag» binasyna, «Arkadag», «Ylham», «Aşgabat» seýilgählerine, şeýle hem paýtagtymyzyň beýleki gözel ýerlerine, täsin desgalaryna gezelençler guraldy.

Baýramçylyklara bagyşlandy

6-njy maýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynyň mejlisler jaýynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasy — berkarar döwletimiziň sarsmaz binýady» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan bu maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen «Watan» gazetiniň redaksiýasy bilelikde gurady. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinde eden taryhy çykyşyndan gelip çykýan wezipeler, ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň adam hukuklaryny durmuşa geçirmekden ybaratdygy, Esasy Kanunymyzda adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň esaslaryny we borçlaryny kesgitleýän kadalaryň beýan edilýändigi barada giňişleýin durup geçdiler.

Aýdym-sazly dabara

Ýakynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäher häkimligi bilen TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde guramagynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Bu dabara «Arkadagyň bagt şäheri Aşgabat» diýen at bilen geçirilip, «Aşgabat» monumentiniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Oňa TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň wekilleri, Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň aýdymçylary, bilim işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, sungat ussatlary gatnaşdylar. Ýazyjy-şahyrlaryň gözel paýtagtymyzy wasp edýän goşgulary dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň, Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internatynyň aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň sahna ussatlarynyň ýerine ýetiren kompozisiýasy eziz Diýarymyzyň bedew batly ösüşlerini şöhlelendirdi.

Beýikler unudylmaýar

Watan öňünde uly hyzmatlary bitiren şöhratly ogullaryny, edermen ata-babalaryny, gurban we şehit bolanlary ýatlamak, uruş weteranlaryny, tylda zähmet çekenleri hormatlamak halkymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän, gadymdan gözbaş alýan hem-de häzirki wagtda baýlaşdyrylýan asylly däpleriniň biridir. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň ýöredýän syýasaty netijesinde, ynsanperwer maksatlaryň esasynda bu işi kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş gününiň şanyna bagyşlanan dabaralar dowam edýär. Şeýle dabaralaryň biri ýakynda paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde geçirildi. Oňa uruş weteranlarydyr tylda zähmet çekenler, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary, harby gullukçylar, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Goşgular çemeni

Uzak ýaşaň, eziz Arkadagymyz! Watanymyz dillermiziň senasy,Uzak ýaşaň, eziz Arkadagymyz!Parahatlyk, bagtyýarlyk güwäsi,Uzak ýaşaň, eziz Arkadagymyz!