Bagşyçylyk sungatynyň aýnasy

10 Maý 2021
1180

Bäş müň ýyllyk taryhy bolan halkymyz aýdym-saz sungatyna uly üns berip, arkama-arka dowam edip gelýän bagşyçylyk sungatymyzy has-da ösdürýär. Welaýatymyzda hem özleriniň gaýtalanmajak ussatlyklary, başarnyklary, ýakymly owazy bilen halkyň sylag-hormatyna mynasyp bagşy-sazandalar ýaşapdyrlar. Geçmişde özboluşly yz galdyran bagşy-sazandalar baradaky maglumatlary, olaryň saz gurallaryny we geýimlerini, ses ýazgylaryny, suratlaryny ýygnap, halka ýetirmek maksady bilen, 1992-nji ýylda welaýatymyzyň merkezinde işe başlan bagşylar muzeýiniň agzybir işgärleri welaýatymyzyň etraplarynda bolup, bagşy-sazandalar barada maglumatlary we muzeý gymmatlyklaryny ýygnaýarlar. Häzirki günde bagşylar muzeýimizde aýdym, dessan aýtmakda tapawutlanan halypa bagşylar barada gyzykly maglumatlar saklanýar. Bagşylar muzeýimizde ata-baba dowam edip gelýän halypa-şägirtlik ýoluna aýratyn ähmiýet berlip, ýaş bagşy-sazandalar barada-da maglumatlar toplanýar. Welaýatymyzdaky bagşy-sazandalaryň hormatly ada eýe bolanlarynyň sany barha köpelýär. Olardan Türkmenistanyň halk artisti Almagül Nazarowa, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Guwanç Otuzow, Sabyr Sabyrow, Nowruz Mätnyýazow, Dursunjemal Gazakowa, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Bahargül Galpakowa we beýlekileriň atlaryny tutasymyz gelýär. Mundan başga-da, muzeýde medeni çäreleri hem gurap durýarys. Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesi bilen bilelikde «Aýdym-sazly, Arkadagly Diýarym» atly dabara geçirdik. Häzirki wagtda bagşylar muzeýiniň agzybir işgärleri bagşyçylyk sungatyny öwrenmekde, toplanan gymmatlyklary aýawly saklap, wagyz etmekde birnäçe çäreleri geçirýärler, halypa bagşylar bilen duşuşyklary, göçme sergileri guraýarlar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli saz sungatymyzy ösdürmäge uly üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Ogulşeker BAÝLYÝEWA,
Daşoguz şäheriniň bagşylar muzeýiniň ylmy işgäri, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.