Ata Watanymyzyň abraýy arşa galýar

2 sagat öň
6

Garaşsyzlyk güni – bagtyýar türkmen halkynyň baş baýramy. Bu şanly senäniň golaýlaşýan günleriniň halkymyzyň, ýurdumyzyň dünýädäki at-abraýyny arşa göterýän dabaraly wakalara beslenmegi, hoş habarlaryň gelip gowuşmagy bolsa Garaşsyzlygymyza, eziz Watanymyza, ajaýyp zamanamyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar. 6-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, bu resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi hem şeýle şanly wakalaryň biri hökmünde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň we sport diplomatiýasynyň dünýäde dabaralanýandygynyň nobatdaky güwäsi bolup, täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy.

Aslynda, sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany hökmünde halkara derejesinde belent abraýa we ykrarnama eýe bolan Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy wezipe dünýäde parahatçylygy, abadançylygy, dost-doganlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň bu wezipäni ýokary derejede ýerine ýetirmek bilen sporty hem-de sport arkaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini Ýer ýüzünde has-da ýaýbaňlandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmegi bolsa aýratyn buýsanylmaly hakykatdyr.

«Türkmen sporty».