Baýrama bagyşlanan bäsleşik

2 sagat öň
2

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär tehniki okuw mekdebiniň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap geňeşi bilen bilelikde guramagynda talyp ýaşlaryň arasynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli sportuň birnäçe görnüşi boýunça bäsleşikler geçirildi. 

Bäsleşikler çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Esasan hem sportuň şaşka görnüşi boýunça guralan bäsleşik talyplaryň köpsanlysyny özünde jemledi. Onuň jemi boýunça baş baýraga okuw mekdebimiziň 1-nji ýyl talyby Şatlyk Nazarow mynasyp boldy. Ikinji, üçünji orunlary okuw mekdebimizde bilim alýan Aýnur Agaýewa bilen Aksoltan Ataýewa eýelediler. Bäsleşigiň ahyrynda guralan dabarada ýeňijiler guramaçylar tarapyndan taýýarlanan sowgatlar bilen sylaglandylar.

Maral HYDYROWA,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär tehniki okuw mekdebiniň mugallymy.