Baýramçylyklara bagyşlandy

7 Maý 2021
1287

6-njy maýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynyň mejlisler jaýynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasy — berkarar döwletimiziň sarsmaz binýady» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan bu maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen «Watan» gazetiniň redaksiýasy bilelikde gurady.

Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinde eden taryhy çykyşyndan gelip çykýan wezipeler, ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň adam hukuklaryny durmuşa geçirmekden ybaratdygy, Esasy Kanunymyzda adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň esaslaryny we borçlaryny kesgitleýän kadalaryň beýan edilýändigi barada giňişleýin durup geçdiler.

Ýörite habarçymyz.