Ajaýyp mukam

7 Maý 2021
1011

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda geçirilýän Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli dabaralar uly şatlyk-şowhuna beslenýär. Şu ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli «Arkadagly ak şäherim — Aşgabat» atly paýtagtymyzyň gözel künjeklerine awtobusly döredijilik syýahatçylygy guraldy.

Döredijilikli syýahatçylyga sungat işgärleri, halypa bagşy-sazandalar, şahyrlar, döredijilik bilen gyzyklanýan talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Syýahatyň dowamynda «Aşgabat» monumentine, «Aşgabat» myhmanhanasyna, «Aşgabat» stadionyna, «Aşgabat» söwda merkezine, «Mahabat» binasyna, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkezine, Garaşsyzlyk, Bitaraplyk binalaryna, «Arkadag» binasyna, «Arkadag», «Ylham», «Aşgabat» seýilgählerine, şeýle hem paýtagtymyzyň beýleki gözel ýerlerine, täsin desgalaryna gezelençler guraldy.

Dursun HOJATOWA,
«Aşgabat».