Bir ömürde bina bolan şäher

10 Maý 2021
1023

Aşgabatda ýaşy togsany eteklän bir tanşymyz ýaşaýar. Adyna Annaberdi aga diýýärler. Öňräk Aşgabada görme-görşe bardyk. Olaryň öýi şäheriň günorta tarapyndaky täze gurlan beýik jaýlardady. Özem iň ýokarky gatlaryň birinde. Tüýs bulutlaryň deňesinden şäheri synlap oturmaly diýen ýerde. Biziň bilen obadan baran adamlaryň arasynda Annaberdi aga bilen hatardaş bir ýaşuly hem bardy. Ol on ikinji gatdan şäheri synlap durşuna özüniň haýran galmasyny daşyna çykardy.

— Şähere gelmänimize ep-esli wagt bolupdyr. Men-ä öň bäş ýyl ýaşap giden hem bolsam, indi azaşjak. Biziň göz öňümizdäki bir wagtky Aşgabatdan hiç zat galmandyr. Ýogsamam, bu oturan ýerimiz Aşgabadyň niresi bolýar?!

Täzegül GULJANOWA,
Köneürgenç şäherindäki 6-njy orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.