Meşhur bagşynyň hormaty

9 Maý 2021
1194

Änew şäherindäki N.Saryýew adyndaky Çagalar sungat mekdebinde «Halkynyň hakydasyndaky şahsyýet» ady bilen edebi agşam geçirildi. Türkmenistanyň halk bagşysy Oraz Salyryň doglan gününiň 145 ýyllygyna bagyşlanan çäräni agzalan Çagalar sungat mekdebi hem-de Ahal welaýat kitaphanasy bilelikde gurady. Oňa kitaphana işgärleri we ýaş sungaty söýüjiler gatnaşdy.

Edebi agşamdaky welaýat kitaphanasynyň ülkäni öwreniş we düşündiriş sorag-jogap bölüminiň müdiri G.Hallyýewanyň, şol bölümiň birinji derejeli kitaphanaçysy O.Alowowanyň çykyşlary täsirli boldy. Olar çykyşlarynyň başynda ýurdumyzda milli aýdym-saz sungatyna berilýän üns, milli sungatymyzyň ösmeginde yz goýan şahsyýetlere goýulýan sarpa dogrusynda söz açyp, milli saz sungatynyň ussady Oraz Salyryň ömri we döredijiligi barada gürrüň berdiler, onuň döreden aýdym-sazlarynyň milli saz sungatymyzy ösdürmekdäki ähmiýeti hakynda durup geçdiler. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli aýdym-saz sungatymyzda yz galdyran şahsyýetlere uly sarpa goýulýar, olaryň döredijiligi öwrenilýär, döreden aýdym-sazlary bu günki nesiller tarapyndan uly söýgi bilen diňlenilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa» atly ajaýyp kitaplary bolsa, milli sungatymyzyň ösmegine goşant goşan şahsyýetlere goýulýan belent sarpadyr. Meşhur bagşy Oraz Salyryň sarpasy hem belent tutulýar. Ol milli saz sungatymyzy ösdürmäge saldamly goşant goşdy. Ençeme ýyllaryň geçendigine garamazdan, onuň döreden aýdym-sazlary gymmatyny ýitirmeýär. Bu gün sungat işgärleri meşhur bagşynyň ömür-döredijiligini öwrenýärler, döreden aýdym-sazlaryny höwes bilen ýerine ýetirýärler. Munuň özi halkymyzyň baý milli sungatyny kämilleşdirmekde we dünýä ýaýmakda aýratyn ähmiýetli bolup durýar.

Öwezgeldi GURBANDURDYÝEW,
Ak bugdaý etrabynyň N.Saryýew adyndaky Çagalar sungat mekdebiniň müdiri. SURATLARDA: edebi agşamyndan pursatlar.