Säherlerde kylyp haýry-dogany

11 Maý 2021
1075

Il içinde «Dünýäniň çarhy ýagşylyk edýän adamlaryň gerdeninde aýlanýar» diýilýär. Halk nakyllarymyzda bolsa, «Ýagşylyk töre elter», «Ýagşylardan halka ýagşy at galar», «Ýagşylyk isleseň ýagşylyk et» diýlip aýdylýar. Ýagşylyk we ýagşy işler adamy mertebeleýän häsiýetdir. Şonuň üçin ýagşylyk ýaly gowy niýet kalbyň töründen gaýtmaly, eden gowy işiň ýürekden bolmaly. Şonda ynsanperwer häsiýetleriň biri bolan ýagşylyk durmuşyňy, ykbalyňy çuň mana öwürýär.

Säher turup, gowy dilegler etmeli, ýagşylyga, haýra göwün bermeli, şerden daş durup, tutuş günüň dowamynda özüňe we maşgalaňa, il-günüňe we Watanyňa bähbitli işler bilen meşgul bolmaly. Her bir günüň şeýle gowy maksatlardan ugur almaly. Magtymguly Pyragy: «Haýry goýup, şer işlere ulaşmaň» diýip sargyt edipdir hem-de nädogry hereketiň netijesiniň zyýandan başga hiç zat däldigini şahyrana setirlerine siňdiripdir:

Nurtäç ANNAMUHAMMEDOWA,
Nurtäç ANNAMUHAMMEDOWA,