Aşgabadyň gündizleri owadan, Aşgabadyň agşamlary owadan!

10 Maý 2021
977

(Şahyrana oýlanma)

Ine, elimizde eziz Arkadagymyzyň Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlap ýazan täze bir ajaýyp eseri. Ol «Ak şäherim Aşgabat» diýip atlandyrylýar. «Ak zat alnyňa ýagşy» diýip, bu gymmatly kitaby maňlaýyňa sylanyňdan soň, Aşgabadyň şanyna ýazylan sözler dünýäsine seýran edip başlaýarsyň. Her bir sözden, sözlemden, pikirden lezzet alýarsyň. Şeýle hem guwanmak bilen, «Buýsançdan asmana ýeter başlary, Arkadagyň kitabyny okanlaň» diýeniňi duýman galýarsyň. Kitabyň girişinde bolsa Magtymguly atamyzyň: «Eşit, adam, dogan ilden Gaýry mähriban ýurt bolmaz» diýen setirleriniň getirilmeginde Watan ýaly gymmatlygyň arzylanmagyny, ezizlenmegini, söýgi bilen ýüreklere guýulmagyny görýärsiň. «Aşgabatda ak arzuwlar amala aşýar» atly ikinji bölümi okap bolsa, «ak arzuwlar», «ak şäher» ýaly söz düzümleriniň üsti bilen aklyklaryň dünýäsine aralaşýarsyň, ak zatlaryň manysyny tirýärsiň. Bu bolsa dünýäňi iň ýakymly duýgulara eýe edýär.

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
«Watan».