«Ak bulutlar gonsun, göçsün»

10 Maý 2021
961

Käbelerimize deňelýän ene toprak, kyblalarymyza kybapdaş ata Watan — olar halkymyzda mukaddeslik saýylýar. Mukaddesligiň bar ýerinde bolsa durmuşyň lezzetem, hözirem başgaça bolýar. Hiç bir halkyňka meňzemeýän ýerasty we ýerüsti tebigy täsinlikleri bilen göreni haýran edýän türkmen topragy Biribaryň halkymyza jenneti ýurdy peşgeş berendiginiň aýanydyr. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen syýahat eden jahankeşdeler türkmen halkynyň baý, gözel tebigatynyň bardygyny, myhmansöýerdigini, pähim-parasatlydygyny, sabyrlydygyny, mertdigini ýazgylarynda beýan edipdirler. Şeýle gözellikler asuda asmanyň astynda ýaşaýan adamlaryň göwünlerinden gözbaş alyp, halkymyzyň köp asyrlyk pähim-paýhasyny häzirki zaman dünýägaraýşy bilen özünde jemleýär, sazlaşykly utgaşyp, bedew bady bilen alyslara uzaýar.

Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmeniň sarsmaz döwletiniň binýadyny öňküden-de berkideris, ykdysady kuwwatyny artdyrarys» diýýän sözleri türkmen halkynyň ygtybarly geljegini üpjün etmek üçin ähli şertleriň döredilendigini subut edýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýurt başyna geçen gününden halkymyzyň bagtyýar durmuşyny baş alada öwürmegi döwletimiziň sähel salymda belent sepgitlere ýetmegine getirdi.

Ogulbaýram TAGANOWA.