Ýaş multfilmçi (Şeýle zehin bar)

10 Maý 2021
1164

Ol eýýäm ýurdumyzyň iň ýaş animasiýa suratkeşi bolmaga ýetişdi. «Nesiliň» okyjylarynyň arasynda suraty gowy çekip bilýän ýaşlar, şol sanda mekdep okuwçylary diýseň kändir. Ynha, Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Şamyrat Şamyradow hem şolaryň biri. Şäherdäki 60-njy çagalar bagyna gatnaýarka-da, çeperçilik sungatyna bolan aýratyn ukyby bilen tapawutlanan Şamyrat çagalyk arzuwlaryna heniz mekdep okuwçysyka ýetip bilenleriň biri. Onuň höwesjeň animator hökmünde agasy Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat müdirliginiň suratkeşi Hanmyrat Şamyradowyň ýardam bermeginde taýýarlan ilkinji multfilmi «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynda körpe tomaşaçylara ýetirildi. Iki minut çemesi dowam edýän we Halkara zenanlar güni mynasybetli ilkinji gezek ýaýlyma çykan multfilm bir çagajygyň ejesine bagyşlap aýdan aýdymyndan ybarat. Bu täsirli şekilleriň döreýşi barada Şamyradyň özi bilen söhbetdeş bolduk.

Söhbetdeş bolan Maral AKMYRADOWA,
«Nesil».