Beýikler unudylmaýar

7 Maý 2021
920

Watan öňünde uly hyzmatlary bitiren şöhratly ogullaryny, edermen ata-babalaryny, gurban we şehit bolanlary ýatlamak, uruş weteranlaryny, tylda zähmet çekenleri hormatlamak halkymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän, gadymdan gözbaş alýan hem-de häzirki wagtda baýlaşdyrylýan asylly däpleriniň biridir. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň ýöredýän syýasaty netijesinde, ynsanperwer maksatlaryň esasynda bu işi kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş gününiň şanyna bagyşlanan dabaralar dowam edýär. Şeýle dabaralaryň biri ýakynda paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde geçirildi. Oňa uruş weteranlarydyr tylda zähmet çekenler, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary, harby gullukçylar, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

«Watan».