"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

TÜRKMEN DÖWLET MEDENIÝET INSTITUTY

2021/2022-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär: I. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):

MAÝA KULYÝEWA ADYNDAKY TÜRKMEN MILLI KONSERWATORIÝASY

2021/2022-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär: I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÇEPERÇILIK AKADEMIÝASY

2021/2022-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär: I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

Dalaşgär – 2021: üstünlik hemraň bolsun!

Mähriban Arkadagymyz bilim özgertmelerini durmuşa geçirmegiň ugurlaryny we täzeçil ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak boýunça tutuş jemgyýetimiziň öňünde durýan anyk wezipeleri kesgitlemek bilen, ylym-bilim ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, bilim işinde innowasion çemeleşmeleri hem-de tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berýär. Ministrler Kabinetiniň 9-njy iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine hem-de orta hünär okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça 2021-nji ýylda okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmegi şu ýylyň 12-nji iýulyndan 27-nji awgusty aralygynda guramak hem-de giriş synaglaryny okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerlerinde geçirmek tabşyryldy. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine hem-de orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglarynyň aç-açan, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini tabşyryp, ýokary okuw mekdeplerimize zehinli hem-de zähmetsöýer ýaşlaryň girmelidigini we okamalydygyny aýratyn nygtady. Şonuň ýaly-da, ähli mekdeplerde Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde sanly ulgam boýunça okuwlar guralar. Munuň üçin bilim ulgamynda özgertmeleri çaltlandyrmak zerurdyr, çünki hut ýokary hünärli ýaş hünärmenleriň bolmagy ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň e

Bilim ulgamynyň giň mümkinçilikleri

Bilim babatda kabul edilen kanunlar giň gözýetimli, döwrüň ruhuna laýyk derejede pikirlenýän, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan, saýlan hünärine yhlasly türkmen ýaşlaryny terbiýelemäge, bilim işgärleriniň has netijeli işlemeklerine uly mümkinçilikleri açýar. Bilim ulgamyny düýpli özgertmek, bu ugurda bir bitewi döwlet syýasatyny alyp barmak, bilim işini dolandyrmagy kämilleşdirmek ýaşlara berilýän bilim-terbiýäniň hilini ýokarlandyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän ylmy-tehnologik enjamlar we okuw-tehniki serişdeler bilen üpjün edilen täze çagalar edaralarynyň, okuw, sport mekdepleriniň bina edilmegi muny doly tassyklaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ösüp gelýän ýaş nesline döwrebap bilim we terbiýe bermek üçin amatly şertleriň döredilmegi, döwrebap okuw mekdepleriniň gurulmagy biziň her birimizde buýsanç döredýär. Umumybilim berýän orta we ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýokary okuw mekdepleriň dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy, multimedia we kompýuter tehnikasy bilen üpjün edilmegi, ýaşlary okatmagyň interaktiw usullaryndan peýdalanmak mümkinçilikleriniň döredilmegi ylym älemine giň ýol açdy.

Eseri ýat tutmagy öwretmek

Okuwça eseri ýat tutmagy öwretmek edebiýaty okatmagyň, öwretmegiň aýrylmaz bir bölegidir. Çeper eseri ýat tutmak okuwçynyň ýatkeşligini, sözleýşini ösdürýär, aň-düşünjesini giňeldýär, labyzly we çeper okaýyş endigini kämilleşdirmekde hem möhüm orny bar. Edebiýat dersinden okuw maksatnamasy V—XII synp okuwçylaryna haýsy eseri ýat tutdurmalydygyny anyk hödürleýär. Şonuň üçin mugallym eseri ýat tutdurmak işini çeper eseri okamagyň, öwrenmegiň dowamynda ýerine ýetirmelidir. Ýat tutmak üçin hödürlenen eserleriň sanawynda liriki goşgular, basnýalar, halk döredijilik eserleri, hekaýalar, poemalar, powestdir romanlar we drama eserlerinden bölekler bolup biler.

Çagalarda tebigata söýgi döredilýär

Milli Liderimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyna uly üns berilýär. Ekologiýa baradaky düşünjeler çaga körpeliginden berlende, terbiýäniň has kämil bolmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Onda mähriban Watanymyzyň gözel tebigatyna söýgi döreýär. Türkmen halkynyň taryhy ýurdumyzyň gözel tebigaty, Garagum sährasy, dag-düzleri, gojaman Hazar deňzi bilen baglanyşyklydyr. Biz ýaş nesillerimize tebigat we ekologiýa barada düşünje berýäris.

Tejribäniň möhüm ähmiýeti

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda milli Liderimiziň amala aşyrýan giň möçberli özgertmeleri ýurdumyzyň durmuşynyň dürli ugurlaryny öz içine alýar. Häzirki wagtda bilim ulgamyny kämilleşdirmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ylymly-bilimli we sagdyn ýaşlary döwrebap terbiýeläp ýetişdirmekde, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda netijeli zähmet çekmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamakda netijeli işler alnyp barylýar.

Taýýarlyk işleri guramaçylykly geçirildi

Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda täze 2021 — 2022-nji okuw ýylyna guramaçylykly we ýokary derejede taýýarlyk görmek işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Balkanabat şäherindäki 24-nji orta mekdepde hem täze okuw ýylyny ýokary guramaçylykly garşylamak boýunça abatlaýyş hem-de timarlaýyş işleriniň soňky tapgyrlary dowam edýär. Okuwçy ýaşlaryň arassa, ak mekdeplerde bilim-terbiýe almagy üçin mugallymlarymyz yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Beýleki bilim ojaklarynda bolşy ýaly, mekdebimiziň okuw kompýuter otaglarynda, barlag laboratoriýalarynda, naharhanasynda, dälizlerinde, sport zallarynda we meýdançalarynda, kitaphanasynda arassaçylyk işleri geçirildi. Ýagty, arassa okuw otaglarynda görkezme esbaplary hökmünde hyzmat edip biljek birnäçe täze diwarlyklaryň bolmagy üçin tagalla edildi. Okuwçylaryň daşary ýurt dillerini göwnejaý öwrenmekleri üçin ýörite enjamlar bilen üpjün edilen otaglar bar. Käbir sapaklarda tejribe geçirmek üçin döwrebap enjamlary bolan ýörite laboratoriýalarymyzyň tehniki serişdeler bilen üpjünçiligi doly gözden geçirildi. Okuw maksatly kompýuterleriň programma üpjünçiligine aýratyn üns berildi.

Milli terbiýäniň gözbaşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz ýaş nesillerimiziň milli ruhda terbiýelenmelidigini aýratyn belleýär. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelýän milli terbiýeçilik ýoly bolsa nusgalyk mekdebe öwrülip, döwrebap derejede dowam etdirilýär. Çaga terbiýesinde şeýle asylly işleriň dowam etmeginde maşgala bilen bir hatarda bilim ulgamynyň işgärleriniň hem hyzmaty uly ähmiýete eýedir. Ata-babalarymyz ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemegiň görelde mekdebini döredipdirler. Halkymyzyň adamzat jemgyýetine nusgalyk şeýle ýörelgeleriniň many-mazmuny ruhy we edebi mirasymyzyň süňňüne hem siňipdir. Halk döredijilik eserleriniň haýsy birine göz aýlanyňda-da, terbiýeçilik ähmiýetli pikirlere gabat gelmek bolýar. «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýýän halkymyz nesil terbiýesini iň bir mukaddes düşünje hasaplap, oňa örän seresaplylyk bilen çemeleşipdir.

Täze okuw ýylyna täze hünärler bilen

Mälim bolşy ýaly, 9-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň degişli meýilnamalaryny tassyklap, giriş synaglarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiziň ykdysadyýetiň ähli pudaklary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde täze, döwrebap hünär ugurlaryny kesgitlemek baradaky görkezmesine laýyklykda, 2021-2022-nji okuw ýylynda täze hünärleriň 32-si açylýar. Ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň 12-si eýýäm täze hünärler boýunça okamaga isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalaryny kabul edip başladylar. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, şu okuw ýylynda Türkmen oba hojalyk institutynda täze hünärleriň birbada 6-sy — agroinženerçilik, gidromelioratiw ulgamlarynyň ulanylyşy, ýer gurluşygy we kadastrlar, oba hojalygynda maglumat howpsuzlygynyň menejmenti, ykdysadyýet we dolandyryş, buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit hünärleri açylyp, degişli ugurlarda talyplar bakalawr maksatnamasy esasynda bilim alarlar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde dag işleri, standartlaşdyrmak we metrologiýa, tehnologik maşynlar we enjamlar, elektroenergetika we elektrotehnika, işgärleri dolandyryş ugurlary boýunça açylan hünärleriň 5

Bilimli nesil — geljegiň şamçyragy

12-nji iýulda paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde okamaga isleg bildirýänlerden resminamalar kabul edilip başlandy. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň 9-njy iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde Buýruklara gol çekip, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça, şonuň ýaly-da, orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklady. Resminamalara laýyklykda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 12-nji iýul — 27-nji awgust günlerinde guramak tabşyryldy. Milli Liderimiz Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklap, bu topara okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmegi hem-de onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramagy tabşyrdy. Mundan başga-da welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimlikleri ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy esasynda ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglarynyň geçirilişine jemgyýetçilik gözegçiligi amala aşyrylar. Şonuň ýaly-da ähli mekdeplerde Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde sanly ulgam boýunça okuwlar guralar.

Bilim — bagtyň çyragy

Şu günler ýurdumyzyň dürli künjeginde ýerleşýän bilim ojaklarynda gyzgalaňly möwsüme — ylma, bilime teşne ýaşlaryň okuw resminamalaryny kabul etmek işine girişildi. Hormatly Prezidentimiz 9-njy iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2021-nji ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Buýruga gol çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz degişli wise-premýere ýokary okuw mekdeplerine kabul ediş synaglaryna jemgyýetçilik gözegçiligini üpjün etmek boýunça tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiziň şunuň bilen bagly beren görkezmelerini berjaý etmek maksady bilen, paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň iň baýry bilim ojaklarynyň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň resminamalary kabul ediş topary agzybirlikde iş alyp barýar. Bu ýokary okuw mekdebine 2021-2022-nji okuw ýyly üçin dalaşgärlige isleg bildirýän ýaşlaryň yzy üzülenok. Şu okuw ýylynda bilim ojagyna talyplyga kabul ediljek ýaşlaryň umumy sany, Aşgabat şäherinden dalaşgärleri kabul etmek işleriniň barşy barada gyzyklanyp, resminamalary kabul ediş toparynyň agzasy, radiofizika we elektronika kafedrasynyň mugallymy Joşgun Annamyradow bilen gürrüňdeş bolduk:

Kämil bilim ulgamy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda türkmenistanlylaryň ýaş nesline ýokary hilli bilim almak hem-de saýlan hünärlerini özleşdirmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini nygtaýar. Raýatlarymyzyň ele alan hünär bilimleri ýurdumyzyň öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de innowasiýalary işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Mugallymlaryň hünär derejeleri hem yzygiderli ýokarlandyrylýar. Olar döwrebap bilim usulyýetlerini hem-de maglumatlar tehnologiýalaryny ele alýarlar. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklar çuňlaşdyrylýar. Türkmenistan Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerikanyň abraýly ylym we bilim merkezleri bilen ýygjam aragatnaşyklary ýola goýup, halkara ylmy barlaglara gatnaşmaga hem-de akademiki maglumatlar ulgamyny ösdürmäge mümkinçilikleri artdyrdy.

Hünär kämilleşdiriş okuwy tamamlandy

Ýurdumyz özüniň bagtyýar geljegini ylymly, bilimli nesillere baglamak bilen, eziz Diýarymyzda dürli ulgamlar boýunça ýokary derejeli bilimli hem öz işine ussat hünärmenleri taýýarlamakda uly özgertmeli işleri alyp barýar. Şeýle işler diňe bir bellenilen ugurlarda alnyp barylman, eýsem, asudalygyň üpjün edilmegi babatynda hem uly ähmiýete eýedir. Hemmämize mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ýokary bilimli harby hünärmenleri, şol sanda dost-doganlyk serhedimiziň goragynda gulluk alyp barjak serhetçi serkerdeleri ýetişdirmek, olaryň harby gullugy geçýän döwründe hünär derejelerini kämilleşdirmek boýunça hem işler utgaşykly alnyp barylýar. Ýakynda Türkmenistanyň Serhet institutynda serhet galasynyň serkerdesiniň wezipesine taýýarlaýyş ugry boýunça hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny tamamlan serkerdelere ýörite şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasynyň geçirilmegi aýdanlarymyzyň aýdyň subutnamasydyr. Serhet galasynyň serkerdesi wezipesine belleniljek serkerdeler bellenen möhletde Döwlet serhediniň ygtybarly goragyny üpjün etmäge gönükdirilen ugurlaryň ählisi boýunça okap, hünär derejelerini kämilleşdirdiler. Olar bilen tassyklanan meýilnama hem-de reje esasynda tejribeli serkerdeler tarapyndan amaly hem-de görkezme usulynda okuw sapaklary geçirildi. Serkerdelerden okuw möwsüminiň ahyrynda synaglar kabul edildi we olar hünär

Bilimlere tarap ak ýol

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň geçen ýarym ýylyň jemine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2021-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalary tassyklanyldy. Şolara laýyklykda, 12-nji iýulda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda-da okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek möwsümine guramaçylykly badalga berildi. Ýokary bilim almaga höwesli ýaşlaryň resminamalaryny tabşyrýan ýokary okuw jaýlarynyň arasynda Türkmen oba hojalyk instituty aýratyn orny eýeleýär. Institutda oba, tokaý we balyk hojalygy; weterinariýa we zootehniýa; informatika we hasaplaýyş tehnikasy; maşyngurluşyk; amaly geologiýa, dag işleri, nebitgaz işi we geodeziýa; maglumat howpsuzlygy; ykdysadyýet we dolandyryş ugurlary boýunça hünärmenler we bakalawrlar taýýarlanylýar.

Nesil terbiýesiniň kämil diwany

Ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalar edilýär. Bilim ulgamyndaky özgertmeler nesil terbiýesine oňyn täsir edýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan eserleriň ählisi hem nesil terbiýesinde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gollanma bolup durýar. Milli Liderimiziň «Älem içre at gezer» atly romanynyň her birimiziň ýankitabymyza öwrülendigini buýsanç bilen aýtmalydyrys. Bu romany her gezek okap çykanymyzda nesil terbiýesiniň ähli taraplarynyň düýp manysyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Romanda Berdimuhamet Annaýewiň durmuş we zähmet ýoly barada inçelik bilen söhbet açylyp, mugallymçylyk käriniň aýratynlyklary, onda bolmaly häsiýetler, ynsanperwer gatnaşyklar ussatlyk bilen yzarlanýar. Romanda beýan edilýän wakalar anyk durmuşdan susulyp alnansoň, onuň täsiri ýiti duýulýar. Romanyň baş gahrymany Berdimuhamet mugallym beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Tälim beren ussadyňdan aýrylma» diýen dana sözlerini ýadyndan çykaranok.

Bagtyýarlyk döwrümiziň bilim belentlikleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilime aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamy döwrebap ösdürilýär, kanunçylyk binýady berkidilýär. Şonuň üçin hem bagtyýar ýaşlarymyz döwrebap bilim almaga, kämil hünärmenler bolup ýetişmäge giň mümkinçilige eýe bolýarlar. Şeýle giň mümkinçilikleriň döredilýän döwründe zehinli ýaşlarymyz bilimlerini has-da ýokarlandyrmaga höwes bildirýärler, ylym-bilimiň çuňluklaryny has düýpli öwrenmegi öz öňlerinde maksat edinýärler. Mälim bolşy ýaly, 12-nji iýulda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde okamaga isleg bildirýänlerden resminamalar kabul edilip başlandy. Geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ylmyň we bilimiň aýratyn ornunyň bardygyny belläsimiz gelýär. Şonuň üçin bu babatdaky alnyp barylýan işler hem ýokary guramaçylyga eýe bolýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde sanly bilim ulgamynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygyny bellemek gerek. Ýurdumyzyň okuw mekdepleri kompýuter, multimedia tehnologiýalary, lingafon barlagnama enjamlary bilen üpjün edilýär hem-de internet ulgamyna birikdirilýär. Mekdepleriň okuw meýilnamasyna ykdysadyýetiň esaslary, informatika, taslamalaşdyrma, Türkmenistanyň medeni mirasy, umumydünýä medeniýeti, ekologiýa, maglumat-kommunikasiýa, innowasiýa tehnologiýalary, modelleşdir

Milli terbiýe — asylly ýörelge

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesle bilim we terbiýe bermek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýaşlary çuňňur watansöýüjilik hem-de ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde hormatly Prezidentimiziň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy», «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaplary uly ähmiýete eýedir. Bu kitaplar okuw-terbiýeçilik işlerinde gymmatly gollanma bolmak bilen, mähriban halkymyzyň köp asyrlyk däplerini aýawly saklamak, baýlaşdyrmak, nesil terbiýesini döwrebap guramak işlerine uly goşant goşýar. Durmuşymyzyň manysy, ömrümiziň gül-gunçasy bolan çagalara bagyşlanyp döredilen çeper eserler, gyzykly ertekiler, dürli hekaýalar, goşgular çagalaryň durmuş baradaky düşünjesiniň kemala gelmegine, dünýägaraýşynyň giňelmegine, Watana, ene topraga, zähmete, okuwa bolan söýgüsiniň ösmegine, batyrlyk, maksadaokgunlylyk, dogruçyllyk ýaly asylly sypatlaryň kämilleşmegine çuňňur täsirini ýetirýär.

Çagalaryň dürs ýazuw endiklerini ösdürmek

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýarlygynyň, döwletimiziň berkararlygynyň berk binýady bolan bilim ulgamy kämilleşdirilýär. Bilimiň özeni bolsa başlangyç synpdan başlanýar. Her bir mugallym öz jogapkärli işinde çagalara çuňňur bilim, asylly terbiýe bermek üçin çalyşmalydyr. Ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyk bilim we terbiýe almagy mugallymlaryň başarnyklaryna hem-de ukyplaryna baglydyr. Şu ýörelgeden ugur alyp, her bir temany çagalaryň aňly-düşünjeli özleşdirip bilmekleri üçin işleri göwnejaý guramaga çalyşýarys. Çagalaryň sapaga işeňňir gatnaşmagyny gazanmak onuň täsirli guralyşyna baglydyr. Çekimliler umumy orta bilim berýän mekdepleriň 2-nji synplarynyň türkmen dili sapaklarynda öwredilýär. Bu temalary oňat özleşdirmegiň çagalaryň ýazuw kadalaryny aňly-düşünjeli öwrenmekleri üçin uly ähmiýeti bar. Täze temany düşündirmegi çagalara türkmen dilinde dokuz sany çekimliniň bardygyny ýatlatmak bilen başlaýarys.