Kämil bilim ulgamy

14 Iýul 2021
872

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda türkmenistanlylaryň ýaş nesline ýokary hilli bilim almak hem-de saýlan hünärlerini özleşdirmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini nygtaýar. Raýatlarymyzyň ele alan hünär bilimleri ýurdumyzyň öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de innowasiýalary işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär.

Mugallymlaryň hünär derejeleri hem yzygiderli ýokarlandyrylýar. Olar döwrebap bilim usulyýetlerini hem-de maglumatlar tehnologiýalaryny ele alýarlar. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklar çuňlaşdyrylýar. Türkmenistan Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerikanyň abraýly ylym we bilim merkezleri bilen ýygjam aragatnaşyklary ýola goýup, halkara ylmy barlaglara gatnaşmaga hem-de akademiki maglumatlar ulgamyny ösdürmäge mümkinçilikleri artdyrdy.

«Aşgabat».