Bilim ulgamynyň giň mümkinçilikleri

15 Iýul 2021
1036

Bilim babatda kabul edilen kanunlar giň gözýetimli, döwrüň ruhuna laýyk derejede pikirlenýän, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan, saýlan hünärine yhlasly türkmen ýaşlaryny terbiýelemäge, bilim işgärleriniň has netijeli işlemeklerine uly mümkinçilikleri açýar. Bilim ulgamyny düýpli özgertmek, bu ugurda bir bitewi döwlet syýasatyny alyp barmak, bilim işini dolandyrmagy kämilleşdirmek ýaşlara berilýän bilim-terbiýäniň hilini ýokarlandyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän ylmy-tehnologik enjamlar we okuw-tehniki serişdeler bilen üpjün edilen täze çagalar edaralarynyň, okuw, sport mekdepleriniň bina edilmegi muny doly tassyklaýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ösüp gelýän ýaş nesline döwrebap bilim we terbiýe bermek üçin amatly şertleriň döredilmegi, döwrebap okuw mekdepleriniň gurulmagy biziň her birimizde buýsanç döredýär. Umumybilim berýän orta we ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýokary okuw mekdepleriň dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy, multimedia we kompýuter tehnikasy bilen üpjün edilmegi, ýaşlary okatmagyň interaktiw usullaryndan peýdalanmak mümkinçilikleriniň döredilmegi ylym älemine giň ýol açdy.

Döwlet REJEPOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynyň harby gullukçysy, maýor.