Eseri ýat tutmagy öwretmek

15 Iýul 2021
1401

Okuwça eseri ýat tutmagy öwretmek edebiýaty okatmagyň, öwretmegiň aýrylmaz bir bölegidir. Çeper eseri ýat tutmak okuwçynyň ýatkeşligini, sözleýşini ösdürýär, aň-düşünjesini giňeldýär, labyzly we çeper okaýyş endigini kämilleşdirmekde hem möhüm orny bar.

Edebiýat dersinden okuw maksatnamasy V—XII synp okuwçylaryna haýsy eseri ýat tutdurmalydygyny anyk hödürleýär. Şonuň üçin mugallym eseri ýat tutdurmak işini çeper eseri okamagyň, öwrenmegiň dowamynda ýerine ýetirmelidir. Ýat tutmak üçin hödürlenen eserleriň sanawynda liriki goşgular, basnýalar, halk döredijilik eserleri, hekaýalar, poemalar, powestdir romanlar we drama eserlerinden bölekler bolup biler.

Döwletmyrat SADYKOW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 44-nji orta mekdebiň mugallymy.