Bagtyýarlyk döwrümiziň bilim belentlikleri

13 Iýul 2021
1088

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilime aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamy döwrebap ösdürilýär, kanunçylyk binýady berkidilýär. Şonuň üçin hem bagtyýar ýaşlarymyz döwrebap bilim almaga, kämil hünärmenler bolup ýetişmäge giň mümkinçilige eýe bolýarlar. Şeýle giň mümkinçilikleriň döredilýän döwründe zehinli ýaşlarymyz bilimlerini has-da ýokarlandyrmaga höwes bildirýärler, ylym-bilimiň çuňluklaryny has düýpli öwrenmegi öz öňlerinde maksat edinýärler. Mälim bolşy ýaly, 12-nji iýulda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde okamaga isleg bildirýänlerden resminamalar kabul edilip başlandy. Geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ylmyň we bilimiň aýratyn ornunyň bardygyny belläsimiz gelýär. Şonuň üçin bu babatdaky alnyp barylýan işler hem ýokary guramaçylyga eýe bolýar.

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde sanly bilim ulgamynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygyny bellemek gerek. Ýurdumyzyň okuw mekdepleri kompýuter, multimedia tehnologiýalary, lingafon barlagnama enjamlary bilen üpjün edilýär hem-de internet ulgamyna birikdirilýär. Mekdepleriň okuw meýilnamasyna ykdysadyýetiň esaslary, informatika, taslamalaşdyrma, Türkmenistanyň medeni mirasy, umumydünýä medeniýeti, ekologiýa, maglumat-kommunikasiýa, innowasiýa tehnologiýalary, modelleşdirme, grafika boýunça dersler girizildi. Şu ýylyň 8-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda we jemgyýetçilik guramalarynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we olaryň işini kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Aşyrgeldi JUMAÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň dosenti, ýuridiki ylymlaryň kandidaty.