Dalaşgär – 2021: üstünlik hemraň bolsun!

15 Iýul 2021
1091

Mähriban Arkadagymyz bilim özgertmelerini durmuşa geçirmegiň ugurlaryny we täzeçil ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak boýunça tutuş jemgyýetimiziň öňünde durýan anyk wezipeleri kesgitlemek bilen, ylym-bilim ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, bilim işinde innowasion çemeleşmeleri hem-de tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berýär. Ministrler Kabinetiniň 9-njy iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine hem-de orta hünär okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça 2021-nji ýylda okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmegi şu ýylyň 12-nji iýulyndan 27-nji awgusty aralygynda guramak hem-de giriş synaglaryny okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerlerinde geçirmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine hem-de orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglarynyň aç-açan, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini tabşyryp, ýokary okuw mekdeplerimize zehinli hem-de zähmetsöýer ýaşlaryň girmelidigini we okamalydygyny aýratyn nygtady. Şonuň ýaly-da, ähli mekdeplerde Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde sanly ulgam boýunça okuwlar guralar. Munuň üçin bilim ulgamynda özgertmeleri çaltlandyrmak zerurdyr, çünki hut ýokary hünärli ýaş hünärmenleriň bolmagy ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Watanymyza bilimli, ýokary ahlakly, başarnykly adamlar zerurdyr, olar jogapkärli çözgütleri özbaşdak kabul etmäge ukyply bolmalydyr, işjeňligi, maksada okgunlylygy, giň dünýä garaýşy bilen tapawutlanmalydyr diýip, milli Liderimiz hemişe nygtaýar.