Taýýarlyk işleri guramaçylykly geçirildi

15 Iýul 2021
1041

Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda täze 2021 — 2022-nji okuw ýylyna guramaçylykly we ýokary derejede taýýarlyk görmek işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Balkanabat şäherindäki 24-nji orta mekdepde hem täze okuw ýylyny ýokary guramaçylykly garşylamak boýunça abatlaýyş hem-de timarlaýyş işleriniň soňky tapgyrlary dowam edýär.

Okuwçy ýaşlaryň arassa, ak mekdeplerde bilim-terbiýe almagy üçin mugallymlarymyz yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Beýleki bilim ojaklarynda bolşy ýaly, mekdebimiziň okuw kompýuter otaglarynda, barlag laboratoriýalarynda, naharhanasynda, dälizlerinde, sport zallarynda we meýdançalarynda, kitaphanasynda arassaçylyk işleri geçirildi. Ýagty, arassa okuw otaglarynda görkezme esbaplary hökmünde hyzmat edip biljek birnäçe täze diwarlyklaryň bolmagy üçin tagalla edildi. Okuwçylaryň daşary ýurt dillerini göwnejaý öwrenmekleri üçin ýörite enjamlar bilen üpjün edilen otaglar bar. Käbir sapaklarda tejribe geçirmek üçin döwrebap enjamlary bolan ýörite laboratoriýalarymyzyň tehniki serişdeler bilen üpjünçiligi doly gözden geçirildi. Okuw maksatly kompýuterleriň programma üpjünçiligine aýratyn üns berildi.

Şadurdy GOWŞAKOW,
Balkanabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.