Bilim — bagtyň çyragy

14 Iýul 2021
1029

Şu günler ýurdumyzyň dürli künjeginde ýerleşýän bilim ojaklarynda gyzgalaňly möwsüme — ylma, bilime teşne ýaşlaryň okuw resminamalaryny kabul etmek işine girişildi. Hormatly Prezidentimiz 9-njy iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2021-nji ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Buýruga gol çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz degişli wise-premýere ýokary okuw mekdeplerine kabul ediş synaglaryna jemgyýetçilik gözegçiligini üpjün etmek boýunça tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiziň şunuň bilen bagly beren görkezmelerini berjaý etmek maksady bilen, paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň iň baýry bilim ojaklarynyň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň resminamalary kabul ediş topary agzybirlikde iş alyp barýar. Bu ýokary okuw mekdebine 2021-2022-nji okuw ýyly üçin dalaşgärlige isleg bildirýän ýaşlaryň yzy üzülenok. Şu okuw ýylynda bilim ojagyna talyplyga kabul ediljek ýaşlaryň umumy sany, Aşgabat şäherinden dalaşgärleri kabul etmek işleriniň barşy barada gyzyklanyp, resminamalary kabul ediş toparynyň agzasy, radiofizika we elektronika kafedrasynyň mugallymy Joşgun Annamyradow bilen gürrüňdeş bolduk:

Ýörite habarçymyz.