Çagalaryň dürs ýazuw endiklerini ösdürmek

13 Iýul 2021
1744

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýarlygynyň, döwletimiziň berkararlygynyň berk binýady bolan bilim ulgamy kämilleşdirilýär. Bilimiň özeni bolsa başlangyç synpdan başlanýar. Her bir mugallym öz jogapkärli işinde çagalara çuňňur bilim, asylly terbiýe bermek üçin çalyşmalydyr. Ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyk bilim we terbiýe almagy mugallymlaryň başarnyklaryna hem-de ukyplaryna baglydyr. Şu ýörelgeden ugur alyp, her bir temany çagalaryň aňly-düşünjeli özleşdirip bilmekleri üçin işleri göwnejaý guramaga çalyşýarys. Çagalaryň sapaga işeňňir gatnaşmagyny gazanmak onuň täsirli guralyşyna baglydyr.

Çekimliler umumy orta bilim berýän mekdepleriň 2-nji synplarynyň türkmen dili sapaklarynda öwredilýär. Bu temalary oňat özleşdirmegiň çagalaryň ýazuw kadalaryny aňly-düşünjeli öwrenmekleri üçin uly ähmiýeti bar. Täze temany düşündirmegi çagalara türkmen dilinde dokuz sany çekimliniň bardygyny ýatlatmak bilen başlaýarys.

Alma TOGALAKOWA,
Bereket etrabyndaky ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň mugallymy.