Milli terbiýäniň gözbaşy

15 Iýul 2021
986

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz ýaş nesillerimiziň milli ruhda terbiýelenmelidigini aýratyn belleýär. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelýän milli terbiýeçilik ýoly bolsa nusgalyk mekdebe öwrülip, döwrebap derejede dowam etdirilýär. Çaga terbiýesinde şeýle asylly işleriň dowam etmeginde maşgala bilen bir hatarda bilim ulgamynyň işgärleriniň hem hyzmaty uly ähmiýete eýedir.

Ata-babalarymyz ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemegiň görelde mekdebini döredipdirler. Halkymyzyň adamzat jemgyýetine nusgalyk şeýle ýörelgeleriniň many-mazmuny ruhy we edebi mirasymyzyň süňňüne hem siňipdir. Halk döredijilik eserleriniň haýsy birine göz aýlanyňda-da, terbiýeçilik ähmiýetli pikirlere gabat gelmek bolýar. «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýýän halkymyz nesil terbiýesini iň bir mukaddes düşünje hasaplap, oňa örän seresaplylyk bilen çemeleşipdir.

Nurjemal GELDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 32-nji orta mekdebiň mugallymy.