Nesil terbiýesiniň kämil diwany

13 Iýul 2021
1203

Ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalar edilýär. Bilim ulgamyndaky özgertmeler nesil terbiýesine oňyn täsir edýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan eserleriň ählisi hem nesil terbiýesinde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gollanma bolup durýar. Milli Liderimiziň «Älem içre at gezer» atly romanynyň her birimiziň ýankitabymyza öwrülendigini buýsanç bilen aýtmalydyrys. Bu romany her gezek okap çykanymyzda nesil terbiýesiniň ähli taraplarynyň düýp manysyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Romanda Berdimuhamet Annaýewiň durmuş we zähmet ýoly barada inçelik bilen söhbet açylyp, mugallymçylyk käriniň aýratynlyklary, onda bolmaly häsiýetler, ynsanperwer gatnaşyklar ussatlyk bilen yzarlanýar. Romanda beýan edilýän wakalar anyk durmuşdan susulyp alnansoň, onuň täsiri ýiti duýulýar. Romanyň baş gahrymany Berdimuhamet mugallym beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Tälim beren ussadyňdan aýrylma» diýen dana sözlerini ýadyndan çykaranok.

Jeren NURYMOWA,
«Edebiýat we sungat» gazetiniň işgäri.