"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Hünär kämilligi üçin tejribe möhümdir

Her ýylyň awgust aýynda bilim işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilýän usuly-amaly okuwlar mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmekde, olaryň özara tejribe alyşmaklarynda uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, oňa öňünden taýýarlanmak, okuwlaryň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek möhüm wezipeleriň hataryndadyr. Bu usuly-amaly okuwlar mugallymlaryň hünär ugurlary boýunça geçirilýär. Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Milli bilim instituty usuly-amaly okuwlarda ara alyp maslahatlaşmak üçin degişli temalary hödürleýärler. Ol temalaryň sanawy ýakynda mugallymlaryň esasy usuly gollanmalarynyň biri bolan söýgüli neşirimiz «Mugallymlar gazeti» gazetinde çap edildi. Şol temalaryň sanawy çap edilen gününden başlap, bilim işgärleri olar bilen ýakyndan tanyşdylar. Olar öz iş tejribesine, usulyýetine golaý temany saýlap alyp, şol barada giňişleýin nutuk taýýarlaýarlar. Şu ýerde nutuk taýýarlamagyň usulyýeti we düzgünleri barada durup geçsek, ýerlikli bolar.

Sapaklary utgaşdyryp guramak

Mekdebe ilkinji gezek gadam basan çaganyň ünsüni okuwa gönükdirmek, elbetde, başlangyç synp mugallymlarynyň jogapkärli wezipesidir. Bu ýeňil bolmadyk işiň hötdesinden gelmek üçin mugallymyň iş tejribesiniň bolmagy möhüm şertdir, sebäbi çagany okuwa gönükdirmek, ony ýadatmazdan okatmak işi çylşyrymlydyr. Ilki okuwçylara elipbiý tertibinde «Harplyk» kitabyndan harplar öwredilýär. Matematika dersi boýunça sanlary dogry sanamaklyga ugrukdyrylýar. Çagany ene dili, türkmen dili, matematika ýaly ilkinji zerur sapaklara ugrukdyrmak möhümdir. Çagalar bilen işlänimde kitaplardaky suratlardan başga-da, özümiň elde ýasan we multimedia tagtasynda görkezer ýaly slaýd şekillerimi peýdalanýaryn.

Netijeli usullar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklaryna aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň orta mekdeplerine iň kämil kompýuterler we döwrebap enjamlar ornaşdyrylýar. Şonuň üçin häzirki bagtyýarlyk döwrümizde sapaklary döwrebap usullarda geçmek, ýaşlara kämil bilim bermek mümkinçiligi döredilýär. Şeýle giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýaşlara daşary ýurt dilleri hem öwredilýär. Esasan hem iňlis dilini okuwçylara öwretmegiň iň kämil usullary ulanylýar. Şunda lingafon otaglarynyň aýratyn ähmiýeti bardyr. Çünki okuwçylar käbir sözleri eşitmek bilen, olaryň dogry aýdylyşyny ýatda saklaýarlar. Şonuň üçin hem olara iňlis dilinde dürli sözleri we sözlemleri diňletmek oňat netije berýär. Olar bu sözleri tiz ýatda saklaýarlar, mugallymyň iňlis dilinde aýdýan sözlerini hem tiz öwrenýärler. Bu bolsa geçilýän sapagyň netijeliligini artdyrýar. Häzirki wagtda dil öwretmegiň ugurlary, usullary barha ösdürilýär. Şonuň üçin ylmy edebiýatlara ýüzlenenimizde, dil öwretmegiň birnäçe usullaryna gabat gelýäris. Biz kämil usullaryň iň gowusyny saýlap almalydyrys. Bu babatda bilim işgärlerimiziň, mugallymlaryň hem tejribesiniň bardygyny belläsimiz gelýär. Multimedia tagtalarda prezentasiýalardan we görkezme esbaplardan peýdalanyp guralýan sapaklar aýratyn bellärliklidir. Bu usul hem okuwçyla

Dil bil­mek baý­lyk­dyr

Hä­zir­ki bag­ty­ýar­lyk döw­rü­miz­de ene di­li­mi­z bi­len bir ha­tar­da dün­ýä halk­la­ry­nyň dil­le­ri­ni öw­ren­mäge uly üns be­ril­ýär. Pä­him­dar pe­der­le­ri­miz yl­myň bir pu­da­gy bo­lan dil bi­li­mi­ne aý­ra­tyn üns be­rip­dir­ler. Olar dil bi­len bag­ly ata­lar söz­le­ri­ni dö­re­dip­dir­ler. Dil öw­ren­me­giň türk­men hal­kynyň aňyr­dan gel­ýän ar­zuw-is­le­gi­di­gi­ni biz nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­my­zyň üs­ti bi­len bil­ýä­ris. «Gö­rog­ly» şa­des­sa­ny­myz­da Gö­rog­ly beg Türk­meniň özü­ne 72 di­liň aýan bol­ma­gy­ny ýag­şy­za­da­dan is­län­di­gi aý­dyl­ýar. Şeý­le-de bi­ziň hal­ky­myz ça­ga dün­ýä inen­den, onuň aň-dü­şün­je­li, bi­lim­li, edep-ek­ram­ly bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin ala­da edip­dir. Oguz han ata­my­zyň «Ça­ga­ňa di­li ma­ny­sy bi­len öw­ret» di­ýen pä­hi­mi mu­ňa şa­ýat­lyk ed­ýär. «Il ag­zy — ke­ra­mat», «Dil bil­me­ziň öm­ri za­ýa», «Tyg ýa­ra­sy bi­ter, dil ýa­ra­sy bit­mez», «Di­lim bar — dün­ýäm bar», «Dil gy­lyç­dan ýi­ti» ýa­ly ata­lar söz­le­ri, pä­him­le­r hal­ky­my­zyň di­liň güý­jü­ne uly sar­pa goý­ýan­dy­gyn­dan ha­bar ber­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz: «Dil mil­le­tiň ru­hy keş­bi­niň aý­na­sy­dyr» di­ýip bel­le­ýär. Dil adam­zat ara­gat­na­şy­gy­nyň se­riş­de­si ha­sap­lan­ýar. Is­len­dik hü­när­de zäh­met çek­ýän adam üçin di­liň ga­dy­my söz­le­ri­ni bil­mek, ma­ny­sy­na dü­şün­mek gym­mat­ly ha­zy­na­dyr. Bu ba­bat­da Gah­ry­man

Döwrebap harytlar hödürlenýär

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri barha gyzyşýar. Bagtyýarlyk döwrümiziň okuwçylarydyr talyplary ýörite guralýan mekdep bazarlaryndan uly höwes bilen gerekli harytlaryny saýlap-seçip satyn alýarlar. Mekdep bazarlaryna maşgala bolup barýanlar-da bar. Satuwa çykarylan döwrebap hem-de ýokary hilli okuw esbaplary, owadan hem-de laýyk biçüwde tikilen okuwçy lybaslary alyjylaryň göwnüne ýaraýar. Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan şäheriň dürli söwda merkezlerinde guralýan mekdep bazarlary mydama köp adamly. Hususy telekeçiler hem öz ýöriteleşdirilen dükanlarynda okuw esbaplarynyň hem-de lybaslarynyň söwdasyny göwnejaý guraýarlar. Hususan-da, şeýle harytlar paýtagtymyzdaky «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezinde ýerleşýän «Galam» dükanynda alyjylara hödürlenýär. Alyjylaryň isleginiň häzirki ösen döwründe olaryň göwnüne laýyk harytlary hödürlemek, olara göwnejaý hyzmat etmek möhüm wezipedir.

Bilimli nesliň aladasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaşlar hakda uly alada edilýär. Olaryň bilim-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmegi ugrunda uly işler alnyp barylýar. Döwrebap mekdepler, çagalar baglary gurlup, olar dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzyň bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, olara okatmagyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiziň ýurtda ähli ulgamlarda sanly ulgama geçmek baradaky parasatly syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş alyp çykmagyna uly mümkinçilik berýär. Ýaşlaryň öz aňyýetini barha kämilleşdirmegi we ruhy dünýäsini baýlaşdyrmagy, döwrebap bilim almagy, ylmyň öňdebaryjy ugurlarynyň nazaryýetine aralaşyp, ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi biz — bilim işgärlerini has-da guwandyrýar.

Şatlykly günleriň bosagasynda

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze döwrebap mekdeplerdir çagalar baglarynyň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi ildeşlerimiziň göwün guşuny ganatlandyrýar. Şeýle mekdepleriň we çagalar baglarynyň birnäçesi Lebap welaýatynda hem gurlup, ulanylmaga berildi. Täze okuw ýylyna mekdebe ilkinji gezek gadam basýan körpeler hem-de beýleki mekdep okuwçylary bilen birlikde, ata-eneler we bilim işgärleri sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Tomusky dynç alyş möwsüminde okuwçylaryň tämiz synp otaglaryna girip okamagy üçin mekdeplerde abatlaýyş işleri geçirildi. Lebap welaýatynyň Kerki etrabyndaky 12-nji orta mekdepde hem bu işler gyzgalaňly alnyp baryldy. Mekdebiň tehniki işgärleri bilen birlikde, mugallymlar hem bu işe işjeň gatnaşdylar. Olar synp otaglarynda, mekdebiň daş-töwereginde hem abatlaýyş, arassalaýyş işlerini geçirdiler. Ýene-de sanlyja günden täze okuw ýyly başlanýar. Ýurdumyzyň beýleki mekdepleri bilen birlikde, biz hem okuwçylary tämiz synp otaglarynda garşy alarys.

Bilim ulgamynyň döwrebap kanunçylygy

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli bilim ulgamy döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýaşlarymyzyň döwrebap bilimli, ylymly bolmagyna gönükdirilen giň möçberli işler olaryň bilime bolan höwesini has-da artdyrýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda köpugurly özgertmeleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Maksatnama laýyklykda, ukyply çagalary we zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, goldamaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda bilim ojaklarynyň okuw-terbiýeçilik işlerine üns has-da güýçlendirilip, ol hil we mazmun taýdan düýpli özgerdilýär. Bilim ulgamynyň dürli basgançaklarynda bilim-terbiýeçilik işlerini alyp barmak babatda usuly täzelikler, dünýä usulyýet ylmynyň gazananlary giňden durmuşa ornaşdyrylýar. Ösen şahsyýeti kemala getirmekde döwrebap bilim-terbiýeçilik işleri öňde durýan wezipeleriň mazmunyna, ýörelgelerine hem-de milli däp-dessurlarymyza laýyklykda guralýar.

Bilim — ösüşleriň binýady

Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan parasatly syýasatynyň netijesinde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, ýaşlarymyzyň döwrebap ylym-bilim almagyna gönükdirilendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ylymly-bilimli, sagdyn hem-de berk bedenli ýaş nesli kemala getirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şoňa görä-de, bedew bady bilen okgunly öňe barýan ýurdumyzda eziz Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmegine, pudaga sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna uly ünsüň berilmegi ýaşlaryň aň-düşünjesiniň, dünýägaraýşynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Hawa, güneşli Diýarymyzda durmuşa geçirilýän her bir tutumly işiň gözbaşynda ylym-bilimiň goýulmagy, bu ugurda ylmyň iň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy ösüp gelýän ýaş nesliň kämil bilim almagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Bagtly çagalygyň ýurdy bolan eziz Watanymyzda ýaş nesliň ylymly, bilimli, terbiýeli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri, kämil tehnologiýalardan baş çykarmaklary üçin ähli şertdir mümkinçilikleriň döredilmegi bolsa bizi — mugallymlary has-da buýsandyrýar.

Mekdep bazarlary size garaşýar!

Awgust aýy ― täze okuw ýylyna taýýarlyk möwsümi. Mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlar bu döwürde uly buýsanç bilen okuw şaýyny tutýarlar. 1-nji sentýabrda täze güýç we hyjuw bilen bilim ojagynyň gapysyndan ätlemek, täze okuw eşiginde, okuw esbaplary bilen doly üpjün bolup, mähriban mekdebiň gujagyna dolmak has-da ýakymly. Täze okuw esbaplarynyň gowusyndan-gowusyny saýlap alandyklaryny üýtgeşik bir duýgynyň täsirinde deň-duşlary bilen paýlaşýan çagajyklaryň bagtyýar ýüzlerini keseden synlamaklygyň, şadyýan gülkülerini eşitmekligiň lezzetini diýsene! Şol pursat hut öz çagalygyňa, mekdep ýyllaryňa dolanan ýaly bolýarsyň. Ýogsa-da, siz täze okuw ýylyna taýýarlanýarsyňyzmy?! Onda, mekdep bazarlaryna howlugyň! Awgust aýynyň başlanmagy bilen paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda mekdep bazarlarydyr göçme söwda nokatlary hereket edip başlady. Harytlardan doly mekdep bazarlarynyň bir däl, birnäçesi halkyň hyzmatynda. Söwda nokatlary özüniň dürli-dürli harytlary bilen özüne çekýär. «Türkmenistanda öndürildi» ýazgyly önümleriň gerimi barha giňeýär. Mekdep bazarlarynda halka hödürlenýän harytlaryň görnüşleriniň kändigi, hiliniň ýokarydygy, iň esasy bolsa, bahasynyň elýeterlidigi aýratyn ähmiýete eýedir.

Täze okuw ýyly bosagada

BILIMLER OJAGY ÇAGALARA GUJAK AÇÝAR 2021-2022-nji okuw ýylynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Bu okuw ýylyny mynasyp garşylamak ugrunda welaýatymyzyň ähli bilim ojaklarynda hem netijeli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde, ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim-terbiýe almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Okuwçylar orta mekdeplerde kämil kompýuterlerden, ösen tehnologiýalaryň hyzmatyndan peýdalanýarlar. Ýaş nesil üçin döwrebap mekdepler, çagalar baglary gurlup, ulanylmaga berilýär.

Täze okuw ýylyna taýýarlyk

Tamamlanyp barýan tomus paslynyň häzirki günlerinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyz Aşgabatda täze — 2021 — 2022-nji okuw ýylyna taýýarlyk görmek bilen bagly işler giň gerime eýe boldy. Şol çäreleriň çäklerinde okuwçylary mekdep harytlary we esbaplary bilen üpjün etmek maksady bilen Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde göçme söwda nokatlary guraldy. Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän «Gülüstan», «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezleriniň, «Altyn asyr» gündogar, «Teke bazar», «Jennet», «Älemgoşar» ýaly birnäçe bazarlarynyň meýdançalarynda mekdep harytlaryny satyn almaga ähli mümkinçilikler döredildi. Olarda paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli mekdep harytlary hödürlenýär. Mekdep bazarlarynda raýatlarymyza hepdäniň ähli günlerinde söwda etmäge mümkinçilik döredilen. Bu göçme söwda nokatlarynyň iň ulularynyň biri bolan «Altyn asyr» gündogar bazarynyň meýdançasynda guralan mekdep bazarynda hem hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda halkymyzyň asuda durmuşda bolelin ýaşaýşyny üpjün etmek ugrundaky taýsyz tagallalarynyň aýdyň netijelerini görmek bolýar. Göçme bazarda alyjylara hödürlenilýän Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň tikinçilik kärhanalarynyň egin-eşikleri, ýurdumyzyň hususy telekeçileri, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan öndürilýän okuw esba

Bilim — ösüşleriň binýady

Bilim Türkmenistanyň ýaş nesli terbiýelemek we okatmak babatda şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň isleglerini kanagatlandyrmagy maksat edinýän maksatlaýyn we ulgamlaýyn işiniň binýady bolup durýar. Jemgyýetiň esasy gymmatlygy bolan adamyň aň-bilim taýdan ösüşi we kämilligi gowy bilimli, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän ruhubelent şahsyýetleriň kemala gelmegini üpjün edýär. Okatmagyň interaktiw usullaryny işjeň ornaşdyrmak, Internetiň ählumumy ulgamynyň maglumatlar serişdeleriniň ýaşlara elýeterliligini giňeltmek ýaş nesle ýokary hilli bilim bermek wezipelerini täze derejä çykardy. Ýurdumyzda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçilmegi umumy orta bilim berýän ulgamyň ösdürilmeginde has-da täsirli güýje eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, täze gurlup ulanmaga berlen mekdepleriň hemmesi multimediýa enjamlary bilen üpjün edilendir. Merkezlerde däl, eýsem iň çetki etraplarda hem gurlan täze mekdeplerde döwrebap okuw-terbiýeçilik enjamlary, interaktiw usulda sapak alyp barmaga niýetlenen elektron tagtalar, ulgamlaýyn kompýuterler ornaşdyrylandyr. Dürli daşary ýurt dillerini, şeýle hem takyk ylym derslerini çuňlaşdyrylan usulda öwredýän ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň peýda bolmagy çagalara berilýän bilimiň durmuşyň talaplaryny ödemegini şertlendirýär. Ine, şeýle maksatnamalaýyn işler öz mynasyp netijelerini hem berýär.

Kämilligiň berk binýady

Terbiýäniň binýady maşgaladan başlanýar. Ýaşaýyş-durmuş kadalary haýsy maşgalada göwnejaý berjaý edilse, şol öýde hemmetaraplaýyn sagdyn nesil ýetişýär. «Çagany ýaşdan...» diýip, ýöne ýere aýdylmaýar. Ýaşlykda gözüniň gören zady, gulagynyň eşiden sözleri çaga täsir edýär. Ata-babalarymyzyň çaga terbiýesine jogapkärçilikli çemeleşip, durmuşda gabat gelýän edim-gylymlar bilen bagly terbiýeçilik ähmiýeti bolan gymmatly ýörelgeleri biziň üçin iň uly mirasdyr.

Guramaçylykly sapak — esasy görkeziji

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhunda ýaş nesle bilim we terbiýe bermek döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlara döwrebap bilim bermäge aýratyn üns berilýär. Şonuň üçin hem ösüp gelýän ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýelemek, olara milli ýörelgelerimizi öwretmek möhüm ugurlaryň biridir. Munuň özi ýaşlaryň Watana wepaly, milli ýörelgelerimizi söýýän adamlar bolup ýetişmeklerine oňat ýardam eder. Milli terbiýe bermekde orta mekdeplerde türkmen dili we edebiýat sapaklarynyň möhüm orny bardyr. Sapakda ene dilimize söýgi döretmek, dilimiziň grammatik gurluşyny öwretmek ýörite meýilnama esasynda alnyp barylýar. Şunda okuwçylara dil bilimi hakynda, diliň morfologiýasy, sintaksisi barada umumy düşünjeler öwredilýär. Bu hem olaryň geljekde pikirlerini dürs beýan etmeklerine we dürs ýazmaklaryna oňat ýardam edýär.

Kitap — ylymlaryň hazynasy

Kitaba bolan sarpa, bilim öwrenmäge bolan yhlas türkmen halkynda ir döwürlerden gözbaş alypdyr. Hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabynda şeýle belleýär: «Belli türkmen alymy Zamahşary «Ylym pikirlenmekdir» diýipdir. Orta asyryň alymlarynyň biri Fahreddin er-Razy başga iş bilen meşgul bolýan wagtynda-da kitap okapdyr. Öýünden medresä barýança hem kitap okapdyr. Ol wagtynyň aglaba bölegini kitap okamaga sarp edipdir». Şundan görnüşi ýaly, halkymyz kitap okamagy asylly ýörelge edinipdir. Şonuň esasynda şöhratly taryhymyzda ençeme alymlar ýetişipdir, ajaýyp eserler döredilipdir. Kitap gymmatly hazyna, ynsanyň ýakyn hemrasydyr. Kitap okamak kämilligiň binýadydyr. Ene dilimiziň ösmegine hem, baýlaşmagyna hem ylym-bilimiň ösüşi düýpli täsir edýär. Şonuň üçin hem bu babatda kitaplaryň, dürli ugra degişli edebiýatlaryň orny uludyr, sebäbi aýdanyňda, edebiýatlarda diliň söz baýlyklary jemlenendir. Diňe bir söz baýlyklary däl, eýsem, dil biliminde öwrenilýän beýan etmäniň dürli usullary hem edebiýatlarda jemlenýär. Munuň özi kitaplaryň hem gymmatly hazynadygyny subut edýär.

Maşgaladan başlanýan mukaddes iş

Maşgala — jemgyýetiň iň kiçi topary bolmak bilen bir hatarda, jemgyýetiň esasyny düzüjidir. Çünki maşgaladan başlanýan terbiýe çaganyň geljekki durmuşynyň özenini düzýär. Türkmen halkymyz maşgala mukaddeslik hökmünde garap, çaga terbiýesine wajyp orun beripdir. «Çaga eziz, edebi ondanam eziz», «Maşgalam — baş galam», «Edep altyndan gymmat» ýaly birnäçe atalar sözi pederlerimiziň maşgala terbiýesine aýratyn üns berendiginiň alamatydyr. Häzirki döwürde milli Liderimiziň tagallasy netijesinde jemgyýetimizde çaganyň irki ösüşine, sagdyn kemala gelmegine aýratyn üns berilýär. Edepli, terbiýeli çagany göreniňde, göwnüň galkynyp, guwanjyň artýar. Elbetde, terbiýeçilik işini dogry alyp barmak ene-atanyň öňündäki uly wezipe bolup durýar. Hut şonuň üçin ene-atalar çaganyň dünýä inen ilkinji günlerinden başlap, öz edýän hereketlerine, aýdýan sözlerine üns bermelidirler. Sebäbi çaga biziň aýdýan zatlarymyzy däl-de, edýän hereketlerimizi gaýtalaýar. Şu ýerde şeýle rowaýaty getirmek ýerlikli bolar.

Mekdep bazarlary açyldy

«7/24.tm», №32 (63), 09.08.2021. Täze okuw ýylynyň başlanmagyna az wagt galdy. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň her bir künjeginde mekdep bazarlary açyldy. Ata Watanymyzda jemi 410 sany mekdep bazarlary hereket edip, olardan 55-si Aşgabat şäherinde, 48-si Ahal welaýatynda, 41-si Balkan welaýatynda, 79-sy Lebap welaýatynda, 134-si Mary welaýatynda, 53-si bolsa Daşoguz welaýatynda açyldy.

Synaglar dowam edýär

Her ýylyň iýul — awgust aýlarynyň gelmegi bilen ýokary okuw mekdeplerine giriş synag döwri başlanýar. Öz hakyky ukyp-zehiniňi, ugurtapyjylygyňy, gymmatly wagtyňa nähili garaýandygyňy, geljege tarap özbaşdak ädim ätmäge taýýardygyňy görkezýän pursat şu. Synag möwsümi döwründe goşmaça taýýarlanmagyň, ozalky okanlaryňy berkitmegiň zerurlygy näçe ýokary bolsa-da, ruhy goldaw berýän, dürlüçe ahwallardan halas bolmagy ündeýän edebi döredijilik eserlerini, pikirlerini okamagyň hem ýardamy uludyr. Olaryň käbirlerini dalaşgärler bilen paýlaşmagy makul bildik. ► Bir işi başaryp biljegiňize-de, bilmejegiňize-de ynansaňyz, siz mamlasyňyz.

Bilimli ýaşlar kemala gelýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň bilim ulgamy hem ösdürilýär, özgerdilýär. Ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, olarda ösen tehnologiýaly enjamlar ornaşdyrylýar. Bilim ojaklarynyň ýokary tizlikli internet ulgamy bilen üpjün edilmeginiň netijesinde ýaşlarymyza onlaýn usulynda halkara derejesindäki ders bäsleşiklerine gatnaşmaga, daşary ýurtly deň-duşlary bilen tejribe alyşmaga mümkinçilik döredilýär. Sanly ulgamyň işiniň berýän peýdasyna öz mekdebimiziň mysalynda-da göz ýetirýäris. Tomus paslynyň soňky aýy hem dowam edýär. Diýmek, ýene sanlyja günlerden ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda täze okuw ýyly başlanar. Hormatly Prezidentimiziň berýän tabşyryklaryndan ugur alyp, biz hem mekdebimizde irgözinden abatlaýyş-rejeleýiş işlerini geçirdik. Ders we synp otaglary, kitaphana, mekdep binasynyň üçekleri abatlanyldy, ýanýodalaryň asfalt örtügi çalşyryldy. Mekdep bagyndaky miweli we saýaly agaçlar timarlanylyp, düýbi ýumşadyldy. Mahlasy, okuwçylaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde çagalaryň ýüzlerçesiniň okap, bilim alýan ýeri bolan bilim ojagymyz gözel keşbe getirildi. Soňky ýyllarda mekdebimiziň okuw-görkezme esbaplary bilen üpjünçiligi hem mese-mälim gowulandy. Şeýlelikde, ýaşla