Guramaçylykly sapak — esasy görkeziji

10 Awgust 2021
1110

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhunda ýaş nesle bilim we terbiýe bermek döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlara döwrebap bilim bermäge aýratyn üns berilýär. Şonuň üçin hem ösüp gelýän ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýelemek, olara milli ýörelgelerimizi öwretmek möhüm ugurlaryň biridir. Munuň özi ýaşlaryň Watana wepaly, milli ýörelgelerimizi söýýän adamlar bolup ýetişmeklerine oňat ýardam eder.

Milli terbiýe bermekde orta mekdeplerde türkmen dili we edebiýat sapaklarynyň möhüm orny bardyr. Sapakda ene dilimize söýgi döretmek, dilimiziň grammatik gurluşyny öwretmek ýörite meýilnama esasynda alnyp barylýar. Şunda okuwçylara dil bilimi hakynda, diliň morfologiýasy, sintaksisi barada umumy düşünjeler öwredilýär. Bu hem olaryň geljekde pikirlerini dürs beýan etmeklerine we dürs ýazmaklaryna oňat ýardam edýär.

Patma SEÝITMÄMMEDOWA,
Türkmenbaşy etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň mugallymy.