Bilimli nesliň aladasy

15 Awgust 2021
969

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaşlar hakda uly alada edilýär. Olaryň bilim-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmegi ugrunda uly işler alnyp barylýar. Döwrebap mekdepler, çagalar baglary gurlup, olar dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilýär.

Ýurdumyzyň bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, olara okatmagyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiziň ýurtda ähli ulgamlarda sanly ulgama geçmek baradaky parasatly syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş alyp çykmagyna uly mümkinçilik berýär. Ýaşlaryň öz aňyýetini barha kämilleşdirmegi we ruhy dünýäsini baýlaşdyrmagy, döwrebap bilim almagy, ylmyň öňdebaryjy ugurlarynyň nazaryýetine aralaşyp, ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi biz — bilim işgärlerini has-da guwandyrýar.

Ogulşeker ANNAMEDOWA,
Tejen şäherindäki 8-nji çagalar bagynyň müdiri.