Şatlykly günleriň bosagasynda

13 Awgust 2021
919

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze döwrebap mekdeplerdir çagalar baglarynyň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi ildeşlerimiziň göwün guşuny ganatlandyrýar. Şeýle mekdepleriň we çagalar baglarynyň birnäçesi Lebap welaýatynda hem gurlup, ulanylmaga berildi.

Täze okuw ýylyna mekdebe ilkinji gezek gadam basýan körpeler hem-de beýleki mekdep okuwçylary bilen birlikde, ata-eneler we bilim işgärleri sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Tomusky dynç alyş möwsüminde okuwçylaryň tämiz synp otaglaryna girip okamagy üçin mekdeplerde abatlaýyş işleri geçirildi. Lebap welaýatynyň Kerki etrabyndaky 12-nji orta mekdepde hem bu işler gyzgalaňly alnyp baryldy. Mekdebiň tehniki işgärleri bilen birlikde, mugallymlar hem bu işe işjeň gatnaşdylar. Olar synp otaglarynda, mekdebiň daş-töwereginde hem abatlaýyş, arassalaýyş işlerini geçirdiler. Ýene-de sanlyja günden täze okuw ýyly başlanýar. Ýurdumyzyň beýleki mekdepleri bilen birlikde, biz hem okuwçylary tämiz synp otaglarynda garşy alarys.

Ýusup ŞAÝYMOW,
Lebap welaýatynyň Kerki etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň mugallymy.