Täze okuw ýylyna taýýarlyk

11 Awgust 2021
1031

Tamamlanyp barýan tomus paslynyň häzirki günlerinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyz Aşgabatda täze — 2021 — 2022-nji okuw ýylyna taýýarlyk görmek bilen bagly işler giň gerime eýe boldy. Şol çäreleriň çäklerinde okuwçylary mekdep harytlary we esbaplary bilen üpjün etmek maksady bilen Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde göçme söwda nokatlary guraldy. Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän «Gülüstan», «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezleriniň, «Altyn asyr» gündogar, «Teke bazar», «Jennet», «Älemgoşar» ýaly birnäçe bazarlarynyň meýdançalarynda mekdep harytlaryny satyn almaga ähli mümkinçilikler döredildi. Olarda paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli mekdep harytlary hödürlenýär.

Mekdep bazarlarynda raýatlarymyza hepdäniň ähli günlerinde söwda etmäge mümkinçilik döredilen. Bu göçme söwda nokatlarynyň iň ulularynyň biri bolan «Altyn asyr» gündogar bazarynyň meýdançasynda guralan mekdep bazarynda hem hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda halkymyzyň asuda durmuşda bolelin ýaşaýşyny üpjün etmek ugrundaky taýsyz tagallalarynyň aýdyň netijelerini görmek bolýar. Göçme bazarda alyjylara hödürlenilýän Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň tikinçilik kärhanalarynyň egin-eşikleri, ýurdumyzyň hususy telekeçileri, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan öndürilýän okuw esbaplary, okuw sapaklarynyň dürli ugurlaryna degişli ýokary hilli ýazuw depderleri, dürli reňkli galamlar, mekdep torbalary, ýazuw we surat çekmek üçin esbaplar, hasaplaýyş enjamlary, gündelikler we sudur kartalary, şeýle hem oglanlara we gyzlara niýetlenilen harytlar gözegelüwliligi bilen ünsüňi özüne çekýär. Biz bu ýerde bolanymyzda, mekdep bazaryna gelen ildeşlerimiz bilen söhbetdeş bolduk. Şonda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Maýa Goşaýewa ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi:

Ýörite habarçymyz.