Maşgaladan başlanýan mukaddes iş

10 Awgust 2021
960

Maşgala — jemgyýetiň iň kiçi topary bolmak bilen bir hatarda, jemgyýetiň esasyny düzüjidir. Çünki maşgaladan başlanýan terbiýe çaganyň geljekki durmuşynyň özenini düzýär. Türkmen halkymyz maşgala mukaddeslik hökmünde garap, çaga terbiýesine wajyp orun beripdir. «Çaga eziz, edebi ondanam eziz», «Maşgalam — baş galam», «Edep altyndan gymmat» ýaly birnäçe atalar sözi pederlerimiziň maşgala terbiýesine aýratyn üns berendiginiň alamatydyr. Häzirki döwürde milli Liderimiziň tagallasy netijesinde jemgyýetimizde çaganyň irki ösüşine, sagdyn kemala gelmegine aýratyn üns berilýär.

Edepli, terbiýeli çagany göreniňde, göwnüň galkynyp, guwanjyň artýar. Elbetde, terbiýeçilik işini dogry alyp barmak ene-atanyň öňündäki uly wezipe bolup durýar. Hut şonuň üçin ene-atalar çaganyň dünýä inen ilkinji günlerinden başlap, öz edýän hereketlerine, aýdýan sözlerine üns bermelidirler. Sebäbi çaga biziň aýdýan zatlarymyzy däl-de, edýän hereketlerimizi gaýtalaýar. Şu ýerde şeýle rowaýaty getirmek ýerlikli bolar.

Dünýägözel ÇERKEZOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.