Mekdep bazarlary size garaşýar!

11 Awgust 2021
854

Awgust aýy ― täze okuw ýylyna taýýarlyk möwsümi. Mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlar bu döwürde uly buýsanç bilen okuw şaýyny tutýarlar. 1-nji sentýabrda täze güýç we hyjuw bilen bilim ojagynyň gapysyndan ätlemek, täze okuw eşiginde, okuw esbaplary bilen doly üpjün bolup, mähriban mekdebiň gujagyna dolmak has-da ýakymly. Täze okuw esbaplarynyň gowusyndan-gowusyny saýlap alandyklaryny üýtgeşik bir duýgynyň täsirinde deň-duşlary bilen paýlaşýan çagajyklaryň bagtyýar ýüzlerini keseden synlamaklygyň, şadyýan gülkülerini eşitmekligiň lezzetini diýsene! Şol pursat hut öz çagalygyňa, mekdep ýyllaryňa dolanan ýaly bolýarsyň.

Ýogsa-da, siz täze okuw ýylyna taýýarlanýarsyňyzmy?! Onda, mekdep bazarlaryna howlugyň! Awgust aýynyň başlanmagy bilen paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda mekdep bazarlarydyr göçme söwda nokatlary hereket edip başlady. Harytlardan doly mekdep bazarlarynyň bir däl, birnäçesi halkyň hyzmatynda. Söwda nokatlary özüniň dürli-dürli harytlary bilen özüne çekýär. «Türkmenistanda öndürildi» ýazgyly önümleriň gerimi barha giňeýär. Mekdep bazarlarynda halka hödürlenýän harytlaryň görnüşleriniň kändigi, hiliniň ýokarydygy, iň esasy bolsa, bahasynyň elýeterlidigi aýratyn ähmiýete eýedir.

Enejan ANNADURDYÝEWA,
«Nesil».