Döwrebap harytlar hödürlenýär

15 Awgust 2021
887

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri barha gyzyşýar. Bagtyýarlyk döwrümiziň okuwçylarydyr talyplary ýörite guralýan mekdep bazarlaryndan uly höwes bilen gerekli harytlaryny saýlap-seçip satyn alýarlar. Mekdep bazarlaryna maşgala bolup barýanlar-da bar. Satuwa çykarylan döwrebap hem-de ýokary hilli okuw esbaplary, owadan hem-de laýyk biçüwde tikilen okuwçy lybaslary alyjylaryň göwnüne ýaraýar.

Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan şäheriň dürli söwda merkezlerinde guralýan mekdep bazarlary mydama köp adamly. Hususy telekeçiler hem öz ýöriteleşdirilen dükanlarynda okuw esbaplarynyň hem-de lybaslarynyň söwdasyny göwnejaý guraýarlar. Hususan-da, şeýle harytlar paýtagtymyzdaky «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezinde ýerleşýän «Galam» dükanynda alyjylara hödürlenýär. Alyjylaryň isleginiň häzirki ösen döwründe olaryň göwnüne laýyk harytlary hödürlemek, olara göwnejaý hyzmat etmek möhüm wezipedir.

Ahmet TURŞEKOW,
«Mugallymlar gazeti».