Sapaklary utgaşdyryp guramak

15 Awgust 2021
3730

Mekdebe ilkinji gezek gadam basan çaganyň ünsüni okuwa gönükdirmek, elbetde, başlangyç synp mugallymlarynyň jogapkärli wezipesidir. Bu ýeňil bolmadyk işiň hötdesinden gelmek üçin mugallymyň iş tejribesiniň bolmagy möhüm şertdir, sebäbi çagany okuwa gönükdirmek, ony ýadatmazdan okatmak işi çylşyrymlydyr.

Ilki okuwçylara elipbiý tertibinde «Harplyk» kitabyndan harplar öwredilýär. Matematika dersi boýunça sanlary dogry sanamaklyga ugrukdyrylýar. Çagany ene dili, türkmen dili, matematika ýaly ilkinji zerur sapaklara ugrukdyrmak möhümdir. Çagalar bilen işlänimde kitaplardaky suratlardan başga-da, özümiň elde ýasan we multimedia tagtasynda görkezer ýaly slaýd şekillerimi peýdalanýaryn.

Gülbahar GARRYBAÝEWA,
Daşoguz şäherindäki 1-nji mekdep-internatyň mugallymy.