Dil bil­mek baý­lyk­dyr

15 Awgust 2021
1347

Hä­zir­ki bag­ty­ýar­lyk döw­rü­miz­de ene di­li­mi­z bi­len bir ha­tar­da dün­ýä halk­la­ry­nyň dil­le­ri­ni öw­ren­mäge uly üns be­ril­ýär. Pä­him­dar pe­der­le­ri­miz yl­myň bir pu­da­gy bo­lan dil bi­li­mi­ne aý­ra­tyn üns be­rip­dir­ler. Olar dil bi­len bag­ly ata­lar söz­le­ri­ni dö­re­dip­dir­ler. Dil öw­ren­me­giň türk­men hal­kynyň aňyr­dan gel­ýän ar­zuw-is­le­gi­di­gi­ni biz nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­my­zyň üs­ti bi­len bil­ýä­ris. «Gö­rog­ly» şa­des­sa­ny­myz­da Gö­rog­ly beg Türk­meniň özü­ne 72 di­liň aýan bol­ma­gy­ny ýag­şy­za­da­dan is­län­di­gi aý­dyl­ýar. Şeý­le-de bi­ziň hal­ky­myz ça­ga dün­ýä inen­den, onuň aň-dü­şün­je­li, bi­lim­li, edep-ek­ram­ly bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin ala­da edip­dir. Oguz han ata­my­zyň «Ça­ga­ňa di­li ma­ny­sy bi­len öw­ret» di­ýen pä­hi­mi mu­ňa şa­ýat­lyk ed­ýär. «Il ag­zy — ke­ra­mat», «Dil bil­me­ziň öm­ri za­ýa», «Tyg ýa­ra­sy bi­ter, dil ýa­ra­sy bit­mez», «Di­lim bar — dün­ýäm bar», «Dil gy­lyç­dan ýi­ti» ýa­ly ata­lar söz­le­ri, pä­him­le­r hal­ky­my­zyň di­liň güý­jü­ne uly sar­pa goý­ýan­dy­gyn­dan ha­bar ber­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz: «Dil mil­le­tiň ru­hy keş­bi­niň aý­na­sy­dyr» di­ýip bel­le­ýär.

Dil adam­zat ara­gat­na­şy­gy­nyň se­riş­de­si ha­sap­lan­ýar. Is­len­dik hü­när­de zäh­met çek­ýän adam üçin di­liň ga­dy­my söz­le­ri­ni bil­mek, ma­ny­sy­na dü­şün­mek gym­mat­ly ha­zy­na­dyr. Bu ba­bat­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Döw­let gu­şy» ro­ma­ny biziň üçin ter­bi­ýe mek­de­bi­dir. Eser­de ene di­li­mi­ziň ga­dy­my söz­le­ri köp duş gel­ýär. Ro­man­dan ma­ny­daş, kök­deş söz­le­ri öw­ren­ýär­siň. Bu bol­sa her bi­ri­mi­ziň, il­ki bi­len, öz ene di­li­mi­zi kä­mil öw­ren­me­li­di­gi­miz­den ha­bar ber­ýär.

Gül­ja­han SA­PA­RO­WA,
Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni çuň­laş­dy­ryp öw­red­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len 89-njy or­ta mek­de­biň mü­di­ri, Aş­ga­bat şä­her Halk mas­la­ha­ty­nyň ag­za­sy.