Hünär kämilligi üçin tejribe möhümdir

15 Awgust 2021
1182

Her ýylyň awgust aýynda bilim işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilýän usuly-amaly okuwlar mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmekde, olaryň özara tejribe alyşmaklarynda uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, oňa öňünden taýýarlanmak, okuwlaryň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek möhüm wezipeleriň hataryndadyr.

Bu usuly-amaly okuwlar mugallymlaryň hünär ugurlary boýunça geçirilýär. Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Milli bilim instituty usuly-amaly okuwlarda ara alyp maslahatlaşmak üçin degişli temalary hödürleýärler. Ol temalaryň sanawy ýakynda mugallymlaryň esasy usuly gollanmalarynyň biri bolan söýgüli neşirimiz «Mugallymlar gazeti» gazetinde çap edildi. Şol temalaryň sanawy çap edilen gününden başlap, bilim işgärleri olar bilen ýakyndan tanyşdylar. Olar öz iş tejribesine, usulyýetine golaý temany saýlap alyp, şol barada giňişleýin nutuk taýýarlaýarlar. Şu ýerde nutuk taýýarlamagyň usulyýeti we düzgünleri barada durup geçsek, ýerlikli bolar.

Bibijemal MUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen «Bagtyýar nesiller» atly 74-nji orta mekdebiň müdiri.