"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Wysal bolan arzuw

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda beýik işler bilen dabaralanýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň bellenýän günlerinde ýurdumyzda 1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar güni uly ruhubelentlik bilen garşylanýar. Kalbyňda beslän arzuwyňa ýetmek ynsanda ajaýyp duýgulary oýarýar. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyny tamamlap, orta mekdebe mugallym bolup işe gelmek has-da ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy. Orta mekdepde, ýokary okuw jaýynda özüňi okadan mugallymlara «Salam, mugallym!» diýip ýüzlenen günleriň ýadyňa düşýär. Bu gün bolsa şol sözi özüň mugallym bolup okuwçylardan eşitmek bir başga. Bilim bermek işi owal-ahyr mukaddes, sogaply iş hasaplanyp gelýär. Ýaş nesillere döwrebap bilim we terbiýe bermek has-da ýakymly. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gülläp ösýän ýurdumyzda bilim ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bilim işgärleriniň, aýratyn hem, ýaş mugallymlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin orta mekdeplerde döredilen ajaýyp şertler yhlasly işlemäge höweslendirýär. Men hem 2021-2022-nji okuw ýylynda mugallym bolup, ýöriteleşdirilen orta mekdebe işe gelendigime örän buýsanýaryn. Şu pursatda bilim işgärlerine döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýaryn.

Kompýuterde işleýänlere bäş maslahat

Hemmämize mälim bolşy ýaly, kompýuteriň öňünde köp oturyp işlemek saglygymyz, esasan hem, gözümiz üçin zyýanly. Bu halatda gözleri goramak örän möhüm bolup durýar. Şu nukdaýnazardan aşakdaky maslahatlar berilýär: 1.«20x20x20» düzgüni.

Ýazuw serişdesi

Ruçka iňlis dilindäki «pen» sözünden gelip çykyp, ol hem «penna» atly latyn sözünden emele gelipdir. «Penna» terjime edilende, «guşuň ýelegi» diýmegi aňladýar, çünki gadymy döwürlerde hat ýazmak üçin guşlaryň ýelekleri ulanylypdyr. * * *

Täze okuw ýyly bosagada

Aladamyz ýaş nesil Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. Diýarymyzyň ähli pudaklarynda ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde, şeýle hem ylym we bilim ulgamlarynda belent sepgitlere ýetilýär. Aýratyn hem biziň ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, ahlak taýdan arassa, sagdyn pikirli bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edilýär.

Eý, mekdebim, jana-jan...

Eý, mekdebim, jana-jan, Saňa bolan söýgim kän.

Arzuw hasyl bolanda

Arkadag Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň isleg- -arzuwlaryň hasyl bolýan zamanasyna öwrülendigi guwanjymyzy goşalandyrýar. Ýurt Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmen ýaşlaryna bilim-terbiýe alyp, ýaşlykdan saýlap-seçen hünärleriniň eýeleri bolmaklaryna ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmaga çalyşýan ýaş ýigitlerdir gyzlar Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýy toýlanyljak Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly meniň üçin ýatdan çykmajak ýyl bolar. Çünki, şu şanly ýylda meniň ýaşlykdan kalbymda beslän arzuwym hasyl boldy. Munuň üçin begenjimiň çägi ýok. Has takygyny aýtsam, şu ýyl maňa Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Bu guwançly wakanyň özi bilen ýokary jogapkärçiligi alyp gelendigine-de gowy düşünýärin. Şonuň üçinem men şu jogapkärçilige abraý bilen hötde gelmek üçin ähli tagallalary ederin.

Salam, eziz çagalar!

Mähriban Arkadagymyzyň makullamagy bilen “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylyň okuw ýyly hem ýetip geldi. Ene-atalar öz mähriban balajyklaryny mekdebe gitmäge birkemsiz taýýarlap, olaryň ähli gerekli okuw esbaplaryny, okuw lybaslaryny alyp berip, körpeleri mekdebe uly joşgun bilen ugradýarlar. Mugallymlardyr mekdebiň beýleki işgärleri bolsa, okuw synplarynda abatlaýyş--bejeriş işlerini, arassaçylyk--abadanlaşdyryş çärelerini ýokary derejede geçirip, eziz okuwçylara mähribanlyk bilen gujak gerýärler. Mekdepler dürli güllerdir owadan şarlar bilen bezelipdir. 1-nji synply çagalara bolsa, hormatly Prezidentimiziň ajaýyp sowgady — noutbuk kompýuterleri garaşýar.

Ylym-bilim barada

Ylym — akylyň ýarysy. Ylym akyldan dem alar.

Talyp ýaşlaryň ýürek buýsanjy

Batir SADULLAÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary

Bosagada Täze okuw ýyly

«7/24.tm», № 35 (66), 30.08.2021. TÄZE OKUW ÝYLYNA TAÝÝARLYK

Bilim — kämilligiň binýady

Dünýäde ylym-bilimiň derejesi günbe-günden ösýär, ýokarlanýar. Durmuşyň her pursady ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşykly diýmäge-de doly esas bar. Ýagny, biziň gündelik ýaşaýşymyz üçin möhüm bolan enjamlardyr serişdeler hem ylmyň iň täze gazananlaryna esaslanýar. Ylym ykdysady önümçiligiň ähli ugurlaryna aralaşdy. Munuň özi adamzadyň her bir işe paýhasly çemeleşip, sarp edilýän zähmeti azaltmaga, önümçiligiň hilini ýokarlandyrmaga, özüne düşýän gymmatyny peseltmäge gönükdirilen tagallalarynyň netijesidir. Umumy ykdysady we medeni ösüşleriň gazanylmagynda takyk hem-de ynsanperwer ylymlaryň orny örän uludyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirildi. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda dünýäniň iň ýokary derejeli ylmy gazananlaryna uly orun berilýär. Şol sebäpli ýurdumyzda ylym-bilimiň ösmegi üçin döwrebap ösen enjamlardyr tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän, giň düşünjeli we zehinli hünärmenlerdir ylmy işgärleri kemala getirmek döwletimiziň baş maksatlarynyň biridir.

Geografiýa sapagynda görkezme esbaplaryň ähmiýeti

Umumybilim berýän orta mekdeplerimizde geografiýa okuw dersi hökmünde 6-njy synpda öwrenilip başlanýar. Geografiýa ylmy barada okuwçylara düşünje bermekde görkezme esbaplaryň aýratyn orny bar. Geografiýa diýlende, biziň gözümiziň öňüne ululy-kiçili geografik kartalar, globuslar, atlaslar gelýär. Şolarsyz geografiýa ylmyny göz öňüne getirmek juda kyndyr.

Netijeli işler durmuşa ornaşdyrylýar

Kämil bilim – ähli üstünlikleriň girewi, aýdyň geljegiň binýady. Bilimler dünýäsiniň rowaç menzilleri adamlary bagtyýarlyga, sowatlylyga, kämillige ýetirýär. Bilimiň ösen ýerinde rowaçlyk, özgerişlik bar. Türkmenistanda bilimi ösdürmek, kämilleşdirmek, dünýä derejesine çykarmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzyň dünýäde mynasyp orny eýelemeginde, ähli ulgamlaryň sazlaşykly ösüşini kemala getirmekde möhüm ähmiýetlidir. Hormatly Prezidentimiziň aladasy we goldaw-hemaýatlary netijesinde ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, döwrebap okuw binalary gurulýar. Ýurdumyzda bilim ulgamy dünýä derejesinde kämilleşdirilip, ýaş nesillere ýokary hilli bilim bermäge uly üns berilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ösüp gelýän ýaş nesilleriň bilimli, sowatly, giň gözýetimli ýaşlar bolup ýetişmekleri, bilim işgärleriniň hünär derejesini, ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrmak ugrunda ähli şertleri döredýändiginiň subutnamasydyr.

Sanly ulgamyň täze mümkinçilikleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üstünlikli amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünär ugurlarynyň açylmagy, bilim işine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen häzirki döwrüň kämil bilimli hünärmenleri ýetişdirmek wezipesini çözmek meseleleri netijeli häsiýete eýe bolýar. Sanly tehnologiýalaryň çalt ösmegi we yzygiderli kämilleşmegi bilen, bütin dünýäni öz içine alýan aragatnaşyk ulgamy emele geldi. Bu global ulgam ylmy gözlegleri, önüm öndürijiligi, medeni ösüşleri we üýtgeşmeleri, dünýäniň ykdysady ösüşini üpjün edýän hem-de döwrebap bilim bermegiň esasy maglumatlar çeşmesine öwrüldi. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, sanly tehnologiýalary ulanmak bilen, ylmy, ylmy-tehniki we innowasiýa işleriniň netijeliligi ýokarlandyrylýar. Şonuň esasynda önümçilik kärhanalarynyň ykdysady bähbitliligini artdyrmak, ylmy-barlag edaralarynyň özara hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň özara baglanyşygynyň has-da jebisleşmegini üpjün etmek bilim ulgamyndaky sanly özgertmeleri ylmy-tehniki we intellektual taýdan goldamak bolup, ol ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň öňünde täze maksatlary goýýar.

Körpelere sanlary öwretmek

Çagalar baglarynda körpelere ýönekeý matematiki düşünjeleri öwretmek möhümdir. Şeýle-de çaganyň ene dili sapaklarynda sesleri dogry aýdyp bilmegini, sözlük gorunyň baý bolmagyny, sözleri we sözlemleri dogry beýan etmegini ösdürmek üçin dürli usullardan peýdalanylýar. Ýönekeý matematiki düşünjeleri öwretmek mukdar we san, ululyk, geometrik şekiller, giňişlikde ugur kesgitlemek, wagt düşünjeler ýaly bölümler esasynda alnyp barylýar. Terbiýeçiler okatmagyň dürli usullaryndan hem serişdelerinden peýdalanmak bilen, okuw işiniň netijeli bolmagyny gazanýarlar.

Buýsanjymyz bilimli nesil

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyz şöhrata beslenen taryhy döwri başdan geçirýär. Ajaýyp zamanamyzda amala aşyrylýan aýdyň özgertmeler ýurdumyzyň her bir raýatynyň ata Watanymyza, mähriban Arkadagymyza bolan söýgi-buýsanjyny artdyrýar. Döwletimiziň has-da gülläp ösmegi ugrunda döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şunuň ýaly göwün göteriji taryhy ösüşlerinde milli bilim ulgamyna hem uly üns berilýär. Sebäbi Gahryman Arkadagymyz bilimiň jemgyýetimiziň, döwletimiziň hemme ugurlarda bedew bady bilen öňe gitmeginiň berk binýadydygyny hemişe nygtaýar. Bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň maksady bolsa ýaş nesillerimiziň ählitaraplaýyn kämil, giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri üçin oňat şertleri döretmekden ybaratdyr. Bilim ulgamyna dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň, okuw enjamlarynyň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy eziz Diýarymyzyň daýanjy bolan ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk getirilmegini üpjün edýär.

Kämilligiň gözbaşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durnukly ösüşi nazarlaýan eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ähli ugurlarda uly üstünlikler gazanylýar. Häzirki döwürde ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady syýasatda bilim ulgamyny mundan beýläk-de döwrebap ýagdaýa getirmäge, şol sanda bu ulgama innowasiýalary, ýokary tehnologiýalary we öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Döwletimiziň ýokary okuw mekdeplerinde soňky ýyllaryň dowamynda bilim bermek boýunça iki derejeli — bakalawr we magistratura maksatnamasy amala aşyrylýar. Iki derejeli ýokary bilimiň berilmegi hem 2011-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) 36-njy sessiýasynda kabul edilen «Bilimiň halkara standart klassifikasiýasy» konsepsiýasyna bildirilýän talaplara gabat gelýär. Şunuň bilen birlikde ýurdumyzda häzirki wagtda bilim ulgamynda alymlyk derejelerini umumy dünýä ölçeglerine laýyk getirmek we berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen durmuş-ykdysady taýdan ösen Ýewropa ýurtlary tarapyndan döredilen «Bolonýa prosesine» goşulmak babatda degişli işler alnyp barylýar. Bolonýa prosesine laýyklykda, ylym-bilim ulgamyndaky ýokary bilim dünýä ýurtlarynyň arasynda umumy bitewi häsiýete eýe bolup, ol üç basgançakdan, ýagny bakalawr, magistratura we doktorantura derejelerinden ybarat bolmaly

Bilim — binýat, ylym — yhlas (Talyplygyň bosagasynda)

Milli Liderimiziň: «Adamzadyň durmuşy ylym we bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ylym we bilim ynsanyýetiň goşa ganatydyr, bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşydyr» diýen parasatly sözleri ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ylym dünýäsiniň nurana ýollaryna şamçyrag deý şugla saçýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda türkmen ýaşlarynyň müňlerçesi ýokary okuw mekdepleriniň bagtyýar talyplary boldular. Ýaşlygyň eçilen bu bagtyna kalplary joşgunly ýaşlar özlerini durmuşyň ýagty ýoluna ataran Gahryman Arkadagymyza ýürekleriniň çuňundan syzylyp çykýan bimöçber alkyş sözlerini aýdýarlar. Biz hem gazetimiziň şu sanynda şeýle bagtyýar talyplaryň birnäçesiniň ýürek joşgunlaryny okyjylarymyz bilen paýlaşmagy makul bildik.

Röwşen geljege tarap

Mähriban Watanymyzyň geljegi şu günki ösüp gelýän ýaş nesliň çuňňur bilimliligine hem zähmetsöýerligine, tutanýerliligine we başarjaňlygyna baglydyr. Şeýle sypatlary özünde jemleýän ýaş nesli döwrebap bilimli, edepli, terbiýeli edip kemala getirmek bolsa bilim işgärleriniň paýyna düşýär. Beýik ösüşler we öňegidişlikler bilen gurşalan döwletimizde her bir Watan perzendiniň bilimli, sowatly, sagdyn pikirlenip bilýän, çuňňur aň-düşünjeli bolmagy ugrunda uly aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde bu gün ýaş nesil taryhda görlüp-eşidilmedik mümkinçilik bilen gurşaldy. Häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasaty ösüp gelýän nesliň jemgyýete işjeň goşulmagyny we özlerini durmuşda asylly alyp barmaklaryny guramagyň möhüm ugurlaryny görkezýär. Ýaş nesliň okamagy, bilim almagy, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler, şertler döredildi. Döwrüň talabyna laýyk gelýän döwrebap mekdepler we çagalar baglary gurlup, olar täze tehnologiýalar bilen doly abzallaşdyryldy. Etrabymyzyň bilim edaralarynda sanly bilim ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly guramaçylykly işleri, ýagny, multimediýa enjamlarynyň hyzmatlaryny öwrenmegiň dowam etdirilmegi, internet ulgamynyň, interaktiw usullaryň okuw işine has giňişleýin ornaşdyrylmagy gazanylýar. Elektron kitaphanalaryň maglumatlar gory barha baýlaşdyrylýar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň bize peşge

Mekdep bazarlarynda haryt bolçulygy

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyz Aşgabatda täze, 2021 — 2022-nji okuw ýylyna taýýarlyk işleri gyzgalaňly dowam edýär. Şunda paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän söwda merkezlerinde guralan mekdep bazarlarynyň aýratyn ähmiýete eýedigini bellemek gerek. Häzirki wagtda bu göçme söwda nokatlarynda ýokary hilli mekdep harytlary ilatymyza hödürlenilýär. Ýurdumyzyň çägindäki islendik bilim ojagyna — orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerine göz aýlanyňda hem hormatly Prezidentimiziň ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn bilim almagy üçin döredip berýän giň gerimli mümkinçiliklerini görüp, buýsanjyň goşalanýar. Maddy üpjünçülik binýady kämilleşdirilen, döwrüň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edilen bilim ojaklarynda okuwçylary we talyp ýaşlary okatmak işleri häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk alnyp barylýar. Täze okuw ýylynyň barha ýakynlaşýan günlerinde ilaty zerur okuw harytlary bilen üpjün etmek hem durmuşa geçirilmeli möhüm çäreleriň hatarynda durýar.