Kämilligiň gözbaşy

27 Awgust 2021
803

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durnukly ösüşi nazarlaýan eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ähli ugurlarda uly üstünlikler gazanylýar. Häzirki döwürde ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady syýasatda bilim ulgamyny mundan beýläk-de döwrebap ýagdaýa getirmäge, şol sanda bu ulgama innowasiýalary, ýokary tehnologiýalary we öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.

Döwletimiziň ýokary okuw mekdeplerinde soňky ýyllaryň dowamynda bilim bermek boýunça iki derejeli — bakalawr we magistratura maksatnamasy amala aşyrylýar. Iki derejeli ýokary bilimiň berilmegi hem 2011-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) 36-njy sessiýasynda kabul edilen «Bilimiň halkara standart klassifikasiýasy» konsepsiýasyna bildirilýän talaplara gabat gelýär. Şunuň bilen birlikde ýurdumyzda häzirki wagtda bilim ulgamynda alymlyk derejelerini umumy dünýä ölçeglerine laýyk getirmek we berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen durmuş-ykdysady taýdan ösen Ýewropa ýurtlary tarapyndan döredilen «Bolonýa prosesine» goşulmak babatda degişli işler alnyp barylýar. Bolonýa prosesine laýyklykda, ylym-bilim ulgamyndaky ýokary bilim dünýä ýurtlarynyň arasynda umumy bitewi häsiýete eýe bolup, ol üç basgançakdan, ýagny bakalawr, magistratura we doktorantura derejelerinden ybarat bolmalydyr.

Aýna KULIÝEWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Halkara meseleler baradaky komitetiniň baş hünärmeni.