Täze okuw ýyly bosagada

30 Awgust 2021
696

Aladamyz ýaş nesil

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. Diýarymyzyň ähli pudaklarynda ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde, şeýle hem ylym we bilim ulgamlarynda belent sepgitlere ýetilýär. Aýratyn hem biziň ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, ahlak taýdan arassa, sagdyn pikirli bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edilýär.