Körpelere sanlary öwretmek

29 Awgust 2021
1531

Çagalar baglarynda körpelere ýönekeý matematiki düşünjeleri öwretmek möhümdir. Şeýle-de çaganyň ene dili sapaklarynda sesleri dogry aýdyp bilmegini, sözlük gorunyň baý bolmagyny, sözleri we sözlemleri dogry beýan etmegini ösdürmek üçin dürli usullardan peýdalanylýar.

Ýönekeý matematiki düşünjeleri öwretmek mukdar we san, ululyk, geometrik şekiller, giňişlikde ugur kesgitlemek, wagt düşünjeler ýaly bölümler esasynda alnyp barylýar. Terbiýeçiler okatmagyň dürli usullaryndan hem serişdelerinden peýdalanmak bilen, okuw işiniň netijeli bolmagyny gazanýarlar.

Gunça BÄŞIMOWA,
Aşgabat şäherindäki 163-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.