Röwşen geljege tarap

27 Awgust 2021
768

Mähriban Watanymyzyň geljegi şu günki ösüp gelýän ýaş nesliň çuňňur bilimliligine hem zähmetsöýerligine, tutanýerliligine we başarjaňlygyna baglydyr. Şeýle sypatlary özünde jemleýän ýaş nesli döwrebap bilimli, edepli, terbiýeli edip kemala getirmek bolsa bilim işgärleriniň paýyna düşýär. Beýik ösüşler we öňegidişlikler bilen gurşalan döwletimizde her bir Watan perzendiniň bilimli, sowatly, sagdyn pikirlenip bilýän, çuňňur aň-düşünjeli bolmagy ugrunda uly aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde bu gün ýaş nesil taryhda görlüp-eşidilmedik mümkinçilik bilen gurşaldy.

Häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasaty ösüp gelýän nesliň jemgyýete işjeň goşulmagyny we özlerini durmuşda asylly alyp barmaklaryny guramagyň möhüm ugurlaryny görkezýär. Ýaş nesliň okamagy, bilim almagy, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler, şertler döredildi. Döwrüň talabyna laýyk gelýän döwrebap mekdepler we çagalar baglary gurlup, olar täze tehnologiýalar bilen doly abzallaşdyryldy. Etrabymyzyň bilim edaralarynda sanly bilim ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly guramaçylykly işleri, ýagny, multimediýa enjamlarynyň hyzmatlaryny öwrenmegiň dowam etdirilmegi, internet ulgamynyň, interaktiw usullaryň okuw işine has giňişleýin ornaşdyrylmagy gazanylýar. Elektron kitaphanalaryň maglumatlar gory barha baýlaşdyrylýar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren kitaplary bilim alýan ýaş nesillere we mugallymlara bilim çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Zalina BABAMURADOWA,
Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Farap etrap geňeşiniň başlygy.