Arzuw hasyl bolanda

30 Awgust 2021
748

Arkadag Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň isleg- -arzuwlaryň hasyl bolýan zamanasyna öwrülendigi guwanjymyzy goşalandyrýar. Ýurt Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmen ýaşlaryna bilim-terbiýe alyp, ýaşlykdan saýlap-seçen hünärleriniň eýeleri bolmaklaryna ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmaga çalyşýan ýaş ýigitlerdir gyzlar Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýy toýlanyljak Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly meniň üçin ýatdan çykmajak ýyl bolar. Çünki, şu şanly ýylda meniň ýaşlykdan kalbymda beslän arzuwym hasyl boldy. Munuň üçin begenjimiň çägi ýok. Has takygyny aýtsam, şu ýyl maňa Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Bu guwançly wakanyň özi bilen ýokary jogapkärçiligi alyp gelendigine-de gowy düşünýärin. Şonuň üçinem men şu jogapkärçilige abraý bilen hötde gelmek üçin ähli tagallalary ederin.