Buýsanjymyz bilimli nesil

28 Awgust 2021
833

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyz şöhrata beslenen taryhy döwri başdan geçirýär. Ajaýyp zamanamyzda amala aşyrylýan aýdyň özgertmeler ýurdumyzyň her bir raýatynyň ata Watanymyza, mähriban Arkadagymyza bolan söýgi-buýsanjyny artdyrýar. Döwletimiziň has-da gülläp ösmegi ugrunda döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şunuň ýaly göwün göteriji taryhy ösüşlerinde milli bilim ulgamyna hem uly üns berilýär. Sebäbi Gahryman Arkadagymyz bilimiň jemgyýetimiziň, döwletimiziň hemme ugurlarda bedew bady bilen öňe gitmeginiň berk binýadydygyny hemişe nygtaýar. Bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň maksady bolsa ýaş nesillerimiziň ählitaraplaýyn kämil, giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri üçin oňat şertleri döretmekden ybaratdyr. Bilim ulgamyna dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň, okuw enjamlarynyň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy eziz Diýarymyzyň daýanjy bolan ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk getirilmegini üpjün edýär.

Täçbibi NAZAROWA,
Balkanabat şäherindäki 12-nji orta mekdebiň mugallymy.