Mekdep bazarlarynda haryt bolçulygy

27 Awgust 2021
1122

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyz Aşgabatda täze, 2021 — 2022-nji okuw ýylyna taýýarlyk işleri gyzgalaňly dowam edýär. Şunda paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän söwda merkezlerinde guralan mekdep bazarlarynyň aýratyn ähmiýete eýedigini bellemek gerek. Häzirki wagtda bu göçme söwda nokatlarynda ýokary hilli mekdep harytlary ilatymyza hödürlenilýär.

Ýurdumyzyň çägindäki islendik bilim ojagyna — orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerine göz aýlanyňda hem hormatly Prezidentimiziň ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn bilim almagy üçin döredip berýän giň gerimli mümkinçiliklerini görüp, buýsanjyň goşalanýar. Maddy üpjünçülik binýady kämilleşdirilen, döwrüň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edilen bilim ojaklarynda okuwçylary we talyp ýaşlary okatmak işleri häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk alnyp barylýar. Täze okuw ýylynyň barha ýakynlaşýan günlerinde ilaty zerur okuw harytlary bilen üpjün etmek hem durmuşa geçirilmeli möhüm çäreleriň hatarynda durýar.

Oguljennet PAŞYKOWA,
«Aşgabat».