Wysal bolan arzuw

30 Awgust 2021
842

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda beýik işler bilen dabaralanýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň bellenýän günlerinde ýurdumyzda 1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar güni uly ruhubelentlik bilen garşylanýar. Kalbyňda beslän arzuwyňa ýetmek ynsanda ajaýyp duýgulary oýarýar. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyny tamamlap, orta mekdebe mugallym bolup işe gelmek has-da ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy. Orta mekdepde, ýokary okuw jaýynda özüňi okadan mugallymlara «Salam, mugallym!» diýip ýüzlenen günleriň ýadyňa düşýär. Bu gün bolsa şol sözi özüň mugallym bolup okuwçylardan eşitmek bir başga. Bilim bermek işi owal-ahyr mukaddes, sogaply iş hasaplanyp gelýär. Ýaş nesillere döwrebap bilim we terbiýe bermek has-da ýakymly. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gülläp ösýän ýurdumyzda bilim ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bilim işgärleriniň, aýratyn hem, ýaş mugallymlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin orta mekdeplerde döredilen ajaýyp şertler yhlasly işlemäge höweslendirýär. Men hem 2021-2022-nji okuw ýylynda mugallym bolup, ýöriteleşdirilen orta mekdebe işe gelendigime örän buýsanýaryn. Şu pursatda bilim işgärlerine döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýaryn.

Baýrammät ILMUHAMMEDOW,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.