Bilim — kämilligiň binýady

29 Awgust 2021
920

Dünýäde ylym-bilimiň derejesi günbe-günden ösýär, ýokarlanýar. Durmuşyň her pursady ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşykly diýmäge-de doly esas bar. Ýagny, biziň gündelik ýaşaýşymyz üçin möhüm bolan enjamlardyr serişdeler hem ylmyň iň täze gazananlaryna esaslanýar. Ylym ykdysady önümçiligiň ähli ugurlaryna aralaşdy. Munuň özi adamzadyň her bir işe paýhasly çemeleşip, sarp edilýän zähmeti azaltmaga, önümçiligiň hilini ýokarlandyrmaga, özüne düşýän gymmatyny peseltmäge gönükdirilen tagallalarynyň netijesidir. Umumy ykdysady we medeni ösüşleriň gazanylmagynda takyk hem-de ynsanperwer ylymlaryň orny örän uludyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirildi. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda dünýäniň iň ýokary derejeli ylmy gazananlaryna uly orun berilýär. Şol sebäpli ýurdumyzda ylym-bilimiň ösmegi üçin döwrebap ösen enjamlardyr tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän, giň düşünjeli we zehinli hünärmenlerdir ylmy işgärleri kemala getirmek döwletimiziň baş maksatlarynyň biridir.

Annamyrat AKYÝEW,
«Mugallymlar gazeti».