Salam, eziz çagalar!

30 Awgust 2021
821

Mähriban Arkadagymyzyň makullamagy bilen “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylyň okuw ýyly hem ýetip geldi. Ene-atalar öz mähriban balajyklaryny mekdebe gitmäge birkemsiz taýýarlap, olaryň ähli gerekli okuw esbaplaryny, okuw lybaslaryny alyp berip, körpeleri mekdebe uly joşgun bilen ugradýarlar. Mugallymlardyr mekdebiň beýleki işgärleri bolsa, okuw synplarynda abatlaýyş--bejeriş işlerini, arassaçylyk--abadanlaşdyryş çärelerini ýokary derejede geçirip, eziz okuwçylara mähribanlyk bilen gujak gerýärler.

Mekdepler dürli güllerdir owadan şarlar bilen bezelipdir. 1-nji synply çagalara bolsa, hormatly Prezidentimiziň ajaýyp sowgady — noutbuk kompýuterleri garaşýar.