"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Ertekiler we çaga terbiýesi

Nesilleriň aň-düşünjesini ýokarlandyrýar “Bir bar eken, bir ýok eken...” diýen jümleler bilen başlanýan, çagalary aýratyn bir jadyly dünýä alyp gidýän türkmen halk döredijiliginiň iň gadymy görnüşleriniň biri hem ertekidir. Ertekiler, esasan, üç topara bölünýär. Olar durmuşy, hyýaly we haýwanlar baradaky ertekilerdir. Durmuşy ertekilerde, esasan, halkyň bagtly durmuşy, azatlyk ugrundaky göreşi, arzuw-umytlary beýan edilýär. Hyýaly ertekilerde adamlar tebigatyň gara güýçlerine garşy göreş alyp barýarlar. Onda adamyň döw, aždarha, al-arwah, jyn, jadyly peri ýaly hyýaly gahrymanlardan üstün çykyşy görkezilýär. Haýwanlar baradaky ertekilerde bolsa haýwanlaryň üsti bilen adamlaryň gylyk-häsiýetleri açylyp görkezilýär.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Sowatly ýaşlary ýetişdirýäris Ylym-bilim ähli üstünlikleriň açarydyr. Kitaplarda aýdylyşy ýaly, ylymdan ýüki ýetik adam hiç wagt hor-har bolmaýar. Şeýle adamlaryň gözýetimi giň bolýar. Şu aýdylanlaryň hakykatdygyny bilim özgertmeleri doly aýan edýär.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

BERKARARLYGYŇ GANATY Bagtyýarlyk döwrümizde şanly seneleri mynasyp sowgatly garşylamakda bilim ulgamynyň işgärleri hem döwrüň talabyna laýyk döredijilikli zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezýärler. Şunda umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarydyr teklipleri öňe sürýän milli Liderimiziň şahsy göreldesi, haýran galdyryjy işjeňligi biziň üçin nusgalyk mekdep, ýolgörkeziji şamçyrag bolup durýar.

Bilim hakynda dürdäne setirler

Ýaş nesilleriň baş borjy ýurduň ösüşlerine ylym-bilim bilen goşant goşmakdyr. * * *

Täsirli geçen maslahat

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak barada beren gymmatly maslahatlaryny we tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, bilim işgärleriniň işjeňligini artdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň we terbiýäniň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde «Ýaş nesle ýokary hilli bilim bermek bilim işgärleriniň möhüm wezipesidir» diýen at bilen bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň işgärleri hem gatnaşyp, usuly maslahatlar bilen çykyş etdiler. Demirgazyk sebitiň bilim işgärleriniň maslahaty Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda geçirildi. Bu ýerde welaýatyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň taýýarlan okuw-görkezme esbaplarynyň, mekdep okuwçylarynyň taslama-döredijilik, robot tehnikasy boýunça işleriniň sergisi hem guraldy.

Bilim — kämilligiň gözbaşy

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ylmyň gazananlaryna daýanyp, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, ilatymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek üstünlikli durmuşa geçirilýär. Öňde goýlan bu wezipeleriň her biri babatda dünýä nusgalyk uly işleriň durmuşa geçirilýändigi bizi buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda ylym-bilimi ösdürmek, ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Hususan-da, hünärmenleriň taýýarlyk derejelerini kämilleşdirmäge yzygiderli üns berilýär, dünýä tejribesine laýyklykda bilim bermegiň öňdebaryjy usullary ornaşdyrylýar. Bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk getirmäge gönükdirilen bilim özgertmeleri ýaşlaryň bilim, ylym we hünär taýýarlygynyň dünýä derejesinde ýokary göterilmegini, ýurdumyzyň ösen, kuwwatly ýurtlaryň birine öwrülmegini üpjün edýär. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (rejelenen görnüşiniň) kabul edilmegi bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda hil taýdan täze tapgyry alamatlandyrýar.

Okatmagyň interaktiw usullarynyň ähmiýeti

Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa ornaşdyrýan il-ýurt bähbitli beýik işleri biziň her birimizi buýsandyrýar. Şunda bilim ulgamyny kämilleşdirmekde hem uly işleriň ýola goýlandygyny bellemelidiris. Häzirki wagtda bilim ulgamyndaky düýpli özgertmelerde okatmagyň mazmunyna has çuňňur üns berilýär. Şunda multimedia we interaktiw okuw usullary döwrebap işleriň biri bolup durýar. Türkmen dili we edebiýat sapaklaryny ýokary derejede okatmak üçin hem-de okuwçylaryň başarnyklaryny, endiklerini ösdürmekde esasy orun okatmagyň serişdelerine degişlidir. Bilim bermegiň esasy serişdelerine dürli hili görkezme esbaplar, suratlar, tehniki serişdeler, multimedia tagtasy, oňat abzallaşdyrylan synp otagy we şuňa meňzeşler degişlidir. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanylanda her bir geçilýän temanyň döwrebap, terbiýeleýjilik häsiýetli bolmagynda, okuwçylaryň ukyp-başarnyklarynyň ösmeginde, olaryň tema bolan gyzyklanmasynyň artmagynda uly ähmiýete eýedir.

Edebiýat sapagynda goşgulary öwretmek

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de çe­per ede­bi­ýa­ty­my­zy ös­dür­mä­ge, kä­mil­leş­dir­mä­ge we halk dö­re­di­ji­lik eser­le­ri­ni iç­gin öw­ren­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Mu­ny Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň: «Di­liň we ede­bi­ýa­tyň ha­ky­ky eýe­si halk­dyr» di­ýen pa­ra­sat­ly söz­le­ri-de tas­syk­la­ýar. Geç­miş ede­bi­ýa­ty­myz­daky şa­hyr­la­ry­my­zyň dö­re­di­ji­li­gi­ne ser sa­lyp, ola­ryň eser­le­ri­ni öw­re­ne­ni­miz­de, öz­bo­luş­ly tär­le­riň ula­ny­lan­dy­gy­na na­za­ryň düş­ýär. Şeý­le tär­le­riň, öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ryň bi­ri hök­mün­de şa­hyr­la­ry­my­zyň tap­ma­ça hä­si­ýet­li şy­gyr­la­ryn­da dur­muş, te­bi­gat ha­dy­sa­la­ry hem-de dür­li ylym­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly ge­ti­ril­ýän san­la­ry ýö­ri­te nyg­ta­mak ze­rur­dyr. Umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­de­pleriň 9-njy synp okuw­çy­la­ry­na ede­bi­ýat sa­pa­gyn­da XVIII — XIX asyr türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň şa­hyr­la­ry, ola­ryň öm­ri we dö­re­di­ji­li­gi, dür­li te­ma­dan dö­re­den goş­gu­la­ry öw­re­dil­ýär. Nus­ga­wy şa­hyr­la­ryň dö­re­den tap­ma­ça hä­si­ýet­li şy­gyr­la­ryn­da ma­te­ma­ti­ki san­lar köp ula­ny­lyp, şeý­le hä­si­ýet­li goş­gu­la­ry okuw­çy­la­ra öw­ret­mek we dü­şün­dir­mek has-da gy­zyk­ly­dyr. Mu­nuň se­bä­bi ede­bi­ýat mu­gal­ly­my okuw­çy­la­ra çe­per ede­

Synpdan daşary guramaçylyk işleri

Ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly adamlar bolup ýetişmeginde synpdan daşary guralýan çäreleriň terbiýeçilik ähmiýeti uludyr. Bu çäreleriň oýlanyşykly, döwrebap, täsirli, netijeli guralmagynda synp ýolbaşçylarynyň üstüne uly jogapkärçilik düşýär. Synp ýolbaşçysy baý iş tejribeli, syýasy taýdan sowatly, edebiýatdan, sungatdan, taryhdan, türkmen halkynyň milli mirasyndan, däp-dessurlaryndan baş çykarýan, öz okadýan dersini gowy bilýän mugallym bolanda, geçirilýän synpdan daşary çäreler özüniň oňat netijesini berýär. Şeýle mugallymlaryň ýolbaşçylyk edýän synplarynyň okuwçylary mekdep, etrap, welaýat derejelerinde geçirilýän köpçülik çärelerine, dersler boýunça, taslama, döredijilik, sport bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, beýleki synplaryň okuwçylaryna görelde bolýarlar. Synpdan daşary çäreleri täsirli, netijeli guramakda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri synp ýolbaşçylary üçin möhüm gollanma, ýakyn maslahatçy bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň myhmansöýerlik, goňşa hormat goýmak, ruhubelentlik, pespällik, kiçi göwünlilik, sabyrlylyk, kanagatlylyk ýaly gowy häsiýetlerini okuwçylaryň aňyna ýetirmekde hormatly Prezidentimiziň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynyň, «Türkmen medeniýeti», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» we beýleki eserleriniň ähmiýeti örän uludyr.

Okuwçylaryň kitap okamaga höwesini artdyrmak

Häzirki ösen döwrümizde ýaşlara bilim bermegiň iň kämil ugurlary üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Bu wezipeleriň okuw maglumatlarynyň berlişinde terbiýeçilik ähmiýeti bilen baglanyşyklydygy bellärliklidir. Berilýän bilimiň ýokarylygy onuň terbiýeçilik ähmiýetliligi we täsirliligi bilen şertlendirilýär. Bu ýagdaý okuw döwrüne mahsusdyr, emma mekdep okuwçylarynyň okuwdan boş wagtlaryny ýada dynç alyş möwsümlerini peýdaly geçirmegi üçin okuwterbiýeçilik işlerinden üzňe bolmadyk usullardan peýdalanmak göz öňünde tutulmalydyr. Şeýle pursatlarda kitap okamagyň ähmiýetiniň ýokarlanýandygy iş we durmuş tejribesinden bellidir. Hormatly Prezidentimiz kitabyň ähmiýetine ünsi çekmek bilen: «Kitap döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy özünde jemleýän baýlykdyr. Ol ynsana hormat goýmagy öwredýän, bagtyýar durmuşda ýaşamagyň ýoluny salgy berýän, Watana, halka bolan beýik buýsanjy terbiýeleýän çeşme, adamzadyň akylpaýhasyny durlaýan gymmatlykdyr» diýip belleýär.

Iňlis dilinde endikler barada gürrüň etmek (Az salym iňlis dili)

Gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi bolan endikler köplenç halatda biziň nähili adamdygymyzy kesgitleýär. Gowy endiklerimiziň köp bolmagy owadan geýimleriň ynsana gelşik berşi ýaly, bizi bezeýär. Ýaramaz endiklerimiziň artmagy bolsa bizi betnyşan görkezýär. Özümiziň ýa-da özgeleriň endikleri barada gürrüň edip bilmek üçin hem iňlis dilinde ýörite ulanylýan adalgalar bar. Geliň, onda «Az salym iňlis dili» bölüminiň bu sanynda endikler barada gürrüň edeliň! Häzirki endiklerimiz (present simple)

Tejribelikdäki täsir (Durmuş we biz)

Üçünji ýyl talyp bolýançam pedagog hökmünde özümi synap görmändim. Bu ýyl bolsa maňa jogapkärli wezipe ynanyldy. Bu wezipäň nämedigine eýýäm düşünensiňiz-le?! Hawa, men «Mugallym» diýen sözi şu ýyl öz salgyma ilkinji gezek eşidip gördüm. Täsin söz meniň üçin entek barylmadyk dünýäniň gapysyny açdy oturyberdi. Ilki-ilkiler okuwçylarymyň: «Salam, mugallym!» diýen sözüne yzymda bir mugallym bar bolaýmasyn diýip pikirlenip, ilki arkamda adam ýokdugyna göz ýetirip, soňra jogabyny berýärdim. «Talyp mugallym, ony eýtsem bolýarmy? Muny beýdäýinmi?» diýip soralýan soraglar dünýämde entek synalmadyk duýgulary döretdi... Meniň ilkinji tejribeligim çagalar bagynda geçdi. Bu ýerde iki ýaşlyja körpejelere berkidildim. Olaryň pikirleniş ukyby uly adamyňkydan düýpli tapawutlydy. Olar maňa köp zat öwretdiler. Adamyň häsiýeti heniz ýaş wagty kemala gelip başlaýan ekeni. Olaryň içinde garagoljalary, ýuwaşlary, biraz mekirjeleri... garaz, iki ýaşyndalygyna garamazdan, biri-birinden tapawutlanýan taraplary bardy. Olary jemleýän umumy birlik baram welin, şol bir wagtda biri-birinden tapawutlandyrýan aýratynlyklaram ýeterlikdi. Olar, köplenç, biri-birini gaýtalaýardylar. Olaryň düşünip edýän hereketlerinden, düşünmän edýän hereketleri agdyklyk edýärdi. Entek doly pikir jemlemesine eýe bolmadyk kiçijek ynsanlar maňa uly täsir etdiler. Biri bir oýnawajy eline alyp, ony bir-iki sapar ýokarda galg

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Hormata mynasyp mugallym Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda beýleki ulgamlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamy hem güýçli depginler bilen ösýär-özgerýär. Ajap eýýamymyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde geljekde ýurdumyzy gülletjek ýaş nesillerimiziň gowy okap, bilim almagy üçin gurlup, ulanylmaga berilýän, ähli mümkinçilikleri bolan çagalar baglarydyr mekdepler munuň aýdyň mysalydyr.

Ýaş nesil — röwşen geljegimiz

Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler ata Watanymyzyň abraý-mertebesini belende göterýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ähli pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmak ýaly asylly başlangyçlar jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde bahasyna ýetip bolmajak uly güýç bolup durýar.   Sowatly, kämil hünär taýýarlygy bolan ýaşlary ýetişdirmek ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen dürli ugurlardan bilim berýän ýörite orta, ýokary okuw mekdepleriniň ýaş hünärmenleri ýetişdirmegi, bilim ojaklarynyň ösen kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi bu işleriň has-da rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary, hünär saýlamaklary, döwrebap bilim almaklary üçin ähli şert-mümkinçilikler bar. Ýürek arzuwlaryna, köňül maksatlaryna ýetmekleri üçin döredilen ähli amatlyklar ýaş nesilleri belent maksatlara ruhlandyrýar.

Bilimli il ozar

«7/24.tm», №44 (75), 01.11.2021. Iň «ýaş» planeta açyldy

Terbiýe mekdebi

Ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde ata-babalarymyzdan miras galan nakyllaryň, rowaýatlaryň, tymsallaryň ähmiýeti juda uludyr. Watansöýüji nesliň kemala gelmeginde taryhy şahsyýetleriň gahrymançylyklary, mukaddes Watan topragyny jandan eziz görüşleri milli terbiýä siňip, mekdep bolup hyzmat edip gelýär Nesiller hakdaky aladalar geljegimiz hakdaky aladalardyr. Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň bilim ulgamynda nesilleriň terbiýesine aýratyn üns berilýär. Mekdebe çenli ýaşly çagalar baglarynda terbiýelenýän körpe nesillerdir orta mekdeplerde bilim alýan oglan-gyzlaryň terbiýesinde milliligiň möhümligi öňe sürülýär. Biz çagalar bagymyzda terbiýelenýän çagalarymyza berýän terbiýämizde edebi çeşmelerden giňden peýdalanýarys. Hormatly Prezidentimiziň kitaplary bu babatda bize gymmatly gollanma bolup durýar.

Daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýeti

Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ylym-bilimiň döwrebap ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda ene dilimizi we dünýä dillerini ylmy taýdan öwrenmäge hem-de ýaşlara çuňňur öwretmäge berilýän üns guwandyryjy netijeleri berýär. Halkymyzda: «Dil — halkyň ruhy hazynasy» diýen parasatly jümle bar. Hakykatdan hem, her ýurduň öz milli dili onuň ruhy baýlygy bolup durýar. Şeýle hem häzirki döwürde bilim almak, ylym öwrenmek üçin ene dili bilen birlikde daşary ýurt dilleri hem ähmiýetlidir. Hut şonuň üçin hem häzirki wagtda ýaş nesillere diňe bir türkmen dilini öwrenmek üçin däl, eýsem, daşary ýurt dillerini öwrenmäge hem giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz «Dil — bu halkyň ruhy ahbetin! Men köp dil bilmek syýasatynyň ýurdumyzda barha rowaçlanýandygyna örän begenýärin» diýip, köp dil bilýän ýaşlarymyza, raýatlarymyza guwanýandygyny belleýär. Ýurdumyzyň umumybilim berýän okuw mekdeplerinde, orta we ýöriteleşdirilen mekdeplerde, şeýle hem ähli ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilini öwrenmek üçin dünýäniň iň kämil, öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrylan aýratyn synp otaglarynyň bolmagy ylymly-bilimli ýaşlary ýüze çykarmakda uly mümkinçilikleriň döredilýändigine şaýatlyk edýär. Eziz Diýarymyzda ähli pudaklarda sanly ulgama geçmek boýunça guwandyryjy işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine saldamly goşant goş

Sapaklary guramaçylykly geçirmek

Ýa­ňy dün­ýä inen per­zent top­ra­ga ýa­ňy otur­dy­lan na­hal kys­my­dyr. Şo­nuň üçin ça­ga hem üns-ala­da bi­len ga­ra­ma­ly, edep-ter­bi­ýe öw­ret­me­li. Okuw­çy­la­ryň ter­bi­ýe­si­ne ene-ata­lar bi­len bir ha­tar­da mu­gal­lym­la­ryň hem tä­sir et­me­gi we üns ber­me­gi möhümdir. Asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­miz­den ugur al­nyp ge­çil­ýän her bir sa­pakda, ter­bi­ýe­çi­lik sa­gat­la­ryn­da per­zent ter­bi­ýe­si­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­me­li­dir. Okad­ýan ýo­ka­ry synp okuw­çy­la­rym­da ter­bi­ýe­çi­lik sa­pak­la­ry­ny tä­sir­li gu­ra­ma­ga üns ber­ýä­rin. Olar bi­len «Ýag­şy dost tu­tun­mak ha­kyn­da» di­ýen te­ma bo­ýun­ça ter­bi­ýe­çi­lik sa­pa­gy­ny geç­dim. Bu sa­pak­da çe­per ede­bi­ýat­lar­dan, olar­da­ky şy­gyr­lar­dan we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň eser­le­rin­den peý­da­lan­ýa­rys.

Şadyýan çagalar bäsleşdiler

Ýakynda paýtagtymyzdaky 128-nji çagalar bagynda «Altyn aşygym, alçy gop!» atly bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi tarapyndan guralan şadyýan körpeleriň bu bäsleşigine paýtagtymyzda ýerleşýän mekdebe çenli çagalar edaralaryndan gelen toparlaryň birnäçesi gatnaşdylar. Çagalarda ukyp-başarnyklary kemala getirmek, olaryň sözleýiş medeniýetini ösdürmek, sungata, döredijilige bolan höweslerini artdyrmak bäsleşigiň esasy maksadyna öwrüldi.

Okuwçylary taryh dersinden bäsleşiklere taýýarlamak

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak bilen bagly netijeli işler bolsa, ylym-bilim ulgamynda döredilýän mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmegi bilen utgaşykly alnyp barylýar. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda her ýyl mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» ady bilen dürli dersler boýunça bäsleşikler geçirilýär. Şol bäsleşikler tapgyrma-tapgyr esasda geçirilip, ýokary taýýarlyga eýe bolan mynasyp okuwçylar ýeňiş gazanýarlar. Ders bäsleşikleriniň taryh ugry boýunça geçirilýän bölegi okuwçylarda aýratyn uly gyzyklanma döredýär. Okuwçylaryň geçmişe bolan gyzyklanmasy taryhy öwrenmek we seljermek, möhüm seneleri ýatda saklamak, wakalary yzygiderli beýan etmek, öz üstüňde dyngysyz işlemek bilen baglanyşykly başarnykdyr endikleriň kemala getirilmegi bilen utgaşanda has-da oňyn netijeleri berýär. Bäsleşige gatnaşmaga meýilli bolan ýa-da taryh sapaklarynda oňat ýetişýän okuwçylary taryh dersi boýunça bäsleşiklere taýýarlamak bolsa, mugallymlardan hem ýokary ussatlygy talap edýär. Eýsem-de, taryh mugallymy öz okuwçysyny ýa-da okuwçylaryny ders bäsleşigine nähili taýýarlap biler?